Gadym zamanlarda bir zalym hökümdar ýaşapdyr. Ol öz döwrüniň owadan zenanlaryny köşgüne çagyrdyp, bir gije haremhanasynda saklar ekeni-de, islese, ertesi boşadyp goýberer, islemese-de, jellada tabşyrar ekeni.

Şeýle çakylyk hossarsyz bir dul aýala hem gelipdir. Ol bäş ýaşly gyzjagazynyň elinden tutup ýola düşüpdir. Olar ýadanlarynda bir deregiň kölegesinde säginipdirler. Başyny al-asmana diräp oturan derek eneli-gyza seredip, hem nebsi agyrypdyr, hemem haýran galypdyr.

– Wah, size haýpym gelýär! Miwe-hä bir berip bilemok, üstesine, kölegämem goýry däl!

Ol aýal ýüreginden syzdyryp:

– Baýaminnet bize nebsiň agyrýan bolsa, bolmanda, gyzymy bir gijelik belent şahalaryň arasyna al-da, ony ýyrtyjy haýwanlardan hem tümlükden gora! Enşalla, ertir gelip alaryn – diýipdir.

Derek agajy bu haýyşy göwünjeň kabul edipdir, emma ýaňky aýal birden iňkise gidipdir:

– Ýöne sen hiç haçan miwe berip görmänsoň, ene bolmagyň näme diýmekdigini hem bilýän dälsiň. Şonuň üçin, gowusy, kalbymam goýup gideýin. Şeýlekinem, eneleriň kalby balalarynyň ýanynda urýandyr.

Derek onuň bu sözlerini-de makullapdyr.

Şeýlelikde, kalbyny hem balasyny bir gijeligine derege amanat goýup giden aýal, ertesi agajyň ýanyna gelip, balasynam alypdyr-da, öýüne gaýdypdyr.

Derek şol gijeden soň şeýle bir üýtgäpdir welin, ýapraklarynyň sapaklary inçejik bolup galypdyr.

Aýdyşlaryna görä, ine, şu wakadan bäri, günüň islendik pursatynda hem deregiň ýapraklary şygyr-şygyr edip, titräp durmuş.

Terjime taýarlan: Arsen blogger.

Halan bolsaňyz like basmagy unutmaň.
Şular ýaly kyssa hekaýalar hemişe goýulmagyny isleýäňizmi teswirde galdyryp bilersiňiz pikiriňizi.

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir