Ösümlikler hakynda gyzykly maglumatlar
Bambuk agajy her gije-gündizde ençeme santimetr ösýär.

Braziliýada süýt agajy bar. Şol agaja tyg degirseň, ondan süýt syzylyp başlaýar. Ondan her gezekde 4 litre çenli süýt alyp bolýar. Ony suwa garyp, otda gaýnadyp içýärler.

Polineziýada ysmanak agajy ösýär. Onuň ýapraklaryny iýmit üçin ulanýarlar.

Dünýädäki iň ýogyn agajyň diametri 8 metre barabar. Kaliforniýada ösýän şol agaç dünýädäki iň beýik daragt hökmünde hem bellidir.

Bir daragtdan ortaça 170 müň galam ýasap bolýar.

Dub, sosna, arça agaçlaryny köplenç ýyldyrym urýar. Derek agajyny b o l s a hiç wagt ýyldyrym urmaýar.

Ýer ý ü z ü n d e ösümlikleriň 375 müňüsi bar. Olaryň 250 müňüsi gülli ösümliklerdir.

Günorta Afrikada ösýän käbir ýabany injirleriň köki 120 metre çenli çuňluga uzalyp gidýär. Munuň özi 30 gatly bina barabardyr.

Bir daragt ýylyň dowamynda 120 kilogram kislorod öndürýär. Ol 3 adamdan ybarat maşgala bir ýylyň dowamynda ýeterlik bolýar.

«Ceratonia» ady bilen belli bolan ösümligiň hemme tohumlarynyň agramy bir meňzeşdir (0,2 gram). Şonuň üçin gadymy döwürlerde zergärler ony çekuw daşy hökmünde ulanypdyrlar. Şol ölçeg birligi karat diýlip atlandyrylypdyr

Dünýädäki iň uly kaktus «saguaro» diýlip atlandyrylýar. Ol Meksikada we ABŞ-nyň Arizona ştatynda ösýär. Onuň beýikligi 15 metre, agramy 10 tonna ýetýär.

Maglumatlarda aýdylyşy ýaly, dünýäde kömelegiň 2 million töweregi görnüşiniň bardygy hasaba alnypdyr.

Her bir kömelegiň düzüminiň 90 götermi suwdan ybaratdyr.

Dünýäde ilkinji antibiotik (penisillin) kömelekden alnypdyr.

Dünýädäki iň gadymy ösümlik deňiz suwotularydyr. Olaryň bardygy müň ýyl bäri bellidir.

«Arabidopsis» kosmos giňişliginde güllän ilkinji ösümlikdir. Ol Russiýa Federasiýasynyň «Salýut-7» kosmiki bekedinde idedilip, şol ýerde hem gülläpdir.

Adam öz ömrüniň dowamynda medeni ösümlikleriň 1500 görnüşini ulanýar.

Amazonkada duş gelýän suw liliýalary ýapraklarynyň ululygy bilen tapawutlanýar. Ýapraklaryň her biriniň ölçegi 2 metre ýetip, olar hatda çagajygy hem götermäge ukyplydyr.

Hytaýyň günortasynda duşýan bambuk agajynyň bir görnüşi çalt ösýänligi bilen tapawutlanýar. Bir aýyň dowamynda onuň beýikligi 30 metre barabar bolýar.

Çeşmesi: https://www.atavatan-turkmenistan.com/gyzykly-maglumatlar/

Bilim, #_YLHAM™ tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir