[b]Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylyk toýyna ildeşlerimize gutlag sözlerim![/b]

Bagt guşy bolup girsin gapyňdan,
Alyp gelsin mähir bilen söýgini,
Penjiräňden agzybirlik girsinde,
Alyp gitsin gussa bilen gaýgyňy.

Öýlerňize bagt nuruny çaýsyn,
Gülki dostuň bolsun, üstünlik hemraň,
Esasy zat polat deýin jan-saglyk,
Başyň dikläp gezip ýörgün sagaman.

Ömrüň derýa ýaly, durmuşyň süýji,
Mertebäň daglar deý bolsun belentde,
Adamkärçiligiň, akyl, paýhasyň,
Bilen mydam illere bol görelde.

Baýramyňa sowgat bolsun bu goşgym,
Ruhuňa ruh goşsun, belentde parlap,
Ýürekden çykan söz ýürege barýar,
Sözler çemenini bogupdym saýlap.

Gurbanmämmet MEREDOW....

BAÝRAMYŇYZ GUTLY MÄHRIBAN TÜRKMEN ILLIM!

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir