Hytaýyň Halk Banky (NBK) kriptografik walýuta amallary üçin hökmany gadaganlyk girizdi. Bu bolsa bitkoiniň hümmetini 3 müň dollardan gowrak arzanlatdy. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

NBK-nyň beýanatyna salgylanýan çeşmä görä, kriptografik walýutalaryň bahasy bir sagadyň içinde pese gaçdy. Ol, esasanam, bitkoine has güýçli täsir etdi. Indi Hytaýyň bar bolan kriptografik walýutalar arkaly amallary gadagan edýändigi sebäpli, beýleki sanly önümler hem arzanlady. Bitkoiniň yzysüre altkoiniň bahasy hem aşak düşdi: Efiriň bahasy 7%, Binans Koin bilen Kardano bolsa 6% arzanlady.

NBK özüniň ýurtdaky islendik kriptografik walýutalary gadagan etmek kararyny bu ugurdaky çaklamalar we maliýe tertibini saklamagyň zerurlygy, şeýle hem raýatlaryň emlägine abanýan howp bilen düşündirdi.

Täzelikler, Mister X tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir