“Namyradam, nädeýin men, namys-ar elden gider”
Mätäji
Namyradam, nädeýin, namys-ar elden gider,
Gün kibi çoýundygym, mähri bar elden gider,
Köňül sazymny çalgan goşa tar elden gider,
Gursagy dar, kalby ýaz, göwni gar elden gider.
Ajy ýaşa gark bolup, syrykdygym gözlerden,
Saçlarny sypadygym, gör, öýkeli bizlerden.
Täsin ýylgyrşy birle saýlananym gyzlardan,
Ajal kirpikli perim, tary mar elden gider.
Dünýe gama ulaşmyş, bulaşmyş bahar howam,
Kinesi — ýürek dagym, gülküsi — derde dogam,
Ykbalyny ykbalma sapjagym, bagta rowan
geljegim, ýyldyz gözlim, Ömre ýar elden gider.
Sapa HOMMADOW
“Namyradam, nädeýin...”
-
kwazimoda
3 years ago
- Men nätsemkäm,
Kimden ýeter delalat?!
Ýüregmi dökmesem aýylar essim.
Hut şu gün uludan dem alagetdin,
Ençe günden bäri telim göçürlen
Kisämdäki haty bererin, besdir!
Soňam..,
a soň jogabyňa garaşman,
Ýüzüm göge tutup, sözüm seçeläp,
Tapawudy ýok,
men, haýsy hem bolsa,
Bir ýana umytly nazarym çenäp,
„Indi näme bolsa, şol bolsun“ diýip,
Giderin galanyn tabşyryp Taňra.
Sebäbi ýeke söz aýdyp bilmänem,
Şunça gün bimaksat tamşanypdym-a.
Seýitmurat aga.
Seýitmurat aga siziň gahrymanyňyza düşünýän men. Diňe muňa däl ahli goşgularyňyzdakt gahrymanlaryňada... Guýa atylan haty welin guýa atyp bilmedim. Onam im etdip seçdim.
kwazimoda 3 years ago- Düşüner ýaly dünýä däl. Gelersiň, ylgap däl- uçyp. Ýol tapanyňa iki bolup bilmersiň. Ýuwaşjadan pyşyrdabam dälle. Uzyn sesiňe gygyryp syryňy im dek seçersiň. Ýüzüňden aldyrarsyň. Töweregindäkiler gurdy bar ýaly pyrlanar, deper. Döwülen dişleriň bilen ýüzüňe,, samsyk,, diýip ýazarlar (( Beýder ýaly kime nämä ýamanlyk edeniňe düşünmän oýlanarsyň. Gidersiň. Gaýdan ýeriňden bir seda çykar. Kime diýilýär, kimiň ady tutylyp gygyrylýar, saňamy ýa başga düşünmersiň. Düşünerdiň oňa eger dünýä düşünseň...