Antifrizli jandarlar Awtoulagly adamlar antifriziň nämedigini bilýän bolsalar gerek! Antifiriz spirtiň bir görnüşi bolup, suwa görä doňma nokady has pes bolany üçin gyşyna awto¬ulaglaryň radiatoryna guýul¬ýar. Her näçe geňem bolsa, bedeni antifrizli jandarlaram bar. Şeýle jandarlar polýus¬larda ýaşaýarlar. Munuň üçin balyklary hem-de polýusda ýaşaýan mör-möjekleri mysal getirse bolar. Balyklaryň ençeme görnüşi kyn howa şertlerine garamaz¬dan, sowuk zolaklarda ýaşa¬maga ukyplydyr. Bu jandar¬laryň käbir görnüşi -18 oC sowuga çenli çydap bilýärler. Antraktidada bolsa bu dereje¬den hem pes sowukda ýaşa¬ýan balyklaryň bardygy anyk¬lanyldy. Bu balyklar şeýle sowukda şol himiki maddanyň kömegi bilen ýaşaýşyny dowam etdirýärler. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, mör-möjekleriň ählisi sowuk ganly jandarlardyr. Bu bolsa ýaşaýan ýerleriniň howasyna görä şol jandarlaryň öz beden gyzgynlygyny üýtgedip bilýandigini görkezýär. Eger howanyň gyzgynlygy -20 oC bolsa, onda toprakda ýaşaýan mör-möjekler muňa çydam edip bilmezler. Ine, şu sebäpli hem toprakda ýaşaýan köp dürli mör-möjekler gyzgynlyk 0 oC-den pese düşende ýaşa¬ýyşlaryny togtadýarlar. Emma polýuslarda ýaşaýan mör-möjekler welin beden¬lerinde döreýän antifrizleriň kömegi bilen ölmän galyp, aňzakly sowukda-da ýaşap bilýärler. Olaryň bedeninde döreýän antifriziň bir görnüşi hem glisirindir. Glisiriniň kö-megi bilen olaryň gany doň¬man saklanýar we buz kris¬tallary öýjükleri öldürip bilme¬ýär. Munuň bilen birlikde polýusda ýaşaýan mör-mö¬jek¬leriň beden gurluşlarynyň çydamlylygy, howa sowap, günler gysgaldykça has-da artýar. Gyzgynlyk pese dü¬şüp ugranda bedenlerindäki su¬wuň göwrümi kiçelýär we olar gliserol, sorbitol ýaly anti-friz¬leri has köpräk öndürip başla¬ýar¬lar. Bu jandarlarda geçirilen barlaglar demirgazyk polýus¬da ýaşaýan mör-möjekleriň glisiriniň kömegi bi¬len hat¬da¬ -87oC sowukda hem ýaşap bilýändigini görkezdi. Elbetde, kinniwanja bir möjejik, çylşy¬rymly formulasy bolan glisirin birleşmesini (HOCH2CH¬OHCH2OH) öndürmäge we ony sowuga garşy ulan¬malydygyna aň ýetirip bilmese gerek. Sebäbi bu möjejiklerde bu formulany hasaplar ýaly aň ýokdur. Olara bu aýratynlyk olaryň ýara¬dyjysy bolan, çäksiz ylym we erada eýesi bir Alym tarapyn¬dan berlendir. Balyklaryň käbir görnüşi -18 oC sowuk suwda hem ýaşamaga ukyply bolýarlar. Antraktidada bolsa bu derejeden hem pes sowukda ýaşaýan balyklaryň bardygy anyklanyldy. Bu balyklar şeýle sowukda şol himiki maddanyň kömegi arkaly ýaşaýşyny dowam etdirýärler.

Köneler, NB tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir