Çagakak “Ağlamak utanç” diydiler.
Jahylkak “Aldamak utanç” diydiler.
Şeydip endik etdik ağlamazlyğa.
Şeydip endik etdik aldamazlyğa.
Diydiler: “Köplükde gägirmek ayyp”.
Diydiler: “Köçede sygyrmak ayyp”.
Diydiler: “Meylisde geçmänkäñ töre
Hakyñ barmy törüñ özünden sora”.
Yene-de diydiler: “Ulalyp yaşyñ
Garaja gyl bilen basyrlar döşüñ”
“Döşüñe bityänçä şol gyl diydiler.
Günäñi geçerler, ogul!” diydiler.
“Döşüñe bitensoñ şol gyl diydiler,
Döşüñe mynasyp bolgun diydiler.”
Diydiler: ”Dünyäde nämedir gyt zat?”,
Üç gezek diydiler: “Ussat! Ussat! Ussat!”
“Naçe gyt bolsada ussat diydiler,
Çyn şägirt ondanam gyt zar diydiler ”.
“Öwrenip ilkinji harpy – diydiler,
Gomalar şägirdiñ galpy! ” diydiler.
Yene –de diydiler: \"ulamy kiçä
Öljegñi bilseñde yalbarma kişä! \
“Diñe bir adama yalbar!” diydiler.
Onuñam adyna dilber diydiler.
“Ayyp däl näzini çekmek diydiler
Nazden yüzün sowan - akmak ” diydiler.
“Yene iki merde yalbarmak bolar-
Diydiler ene hem atadyr olar”.
“Ataña yalbarsañ galkynar ruhy”
“Eneñe yalbarsañ kemeler ahy”
“Kim etse şolara tagzym – didiler,
Işi rowaç yaşy uzyn diydiler!
“ ...Yene de kän edepleñ tutdular adyn.
Diydiler: “Gabanma özgäñ şöhratyn!”
“Gabanma zehiniñ ezelliğini!”
“Gabanma öz jorañ gözelligini!”
“Gabanma öz äriñ gerçekliğini!”
“Gabanma öz gelniñ alçaklyğyny!”
“Ne näzlerin, ne de sözlerin gaban,
Diñe oynaklatsa... Gözlerin gaban!”
Diydiler : ”Erkekden belenttir ayal!”
“O nämüçin ?” diyip berdiler sowal.
Jogabyn berdiler: “Gutaryp ömrüñ yagty dünyä hoşlaşsañ bir gün-
Ayal är ojağyn saklar – diydiler,
Söygüñü müñ kerem saklar!” diydiler.
“Çagalaryn iydir, geydir — diydiler,
Şeydip yaş ömrünü köydür!” diydiler.
“ Emma beydip bilmez erkek – diydiler,
Bu babatda pesdir entek!” diydiler.
“Altmyşdan, yetmişden geçse de Saly
Gözlerin yumdumy eziz ayaly –
Yatdan çykyp wepa ygrar – diydiler,
ikinjiñ gözlegne ylgar!” diydiler.
... Diydiler, diydiler, diydiler kän zat.
Käbirisi añsat.köpüsü kyn zat.
Añsadyn – hemmeler başar – diydiler,
Kynyn başarmakda iş bar – diydiler.
Kyn hem bolsa, Şudur wesyet – diydiler.
Diñe kyn zat - Şol mukaddes! – diydiler

K. Gurbannepesov.

Edebiýat, #_YLHAM™ tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir