Söýgi syry
Oglan:
-Älem jahan läläm niçiksi gözel,
Şol gözellik içre seni göreýin.
Dünýäm, seň dünýäňe eýleýip bezeg,
Saňa Aýy, Güni sowgat bereýin.

Gyz:
-Şirin sözler dile gelýär joşup kän,
Ýöne heniz magşuk köňlün bilen ýok.
Aýy, Güni sowgat berýän aşyk kän,
Ýöne entek şol sowgady alan ýok.

-Göýä Mejnun deýin yşkyňda gezip,
Saňa eltýän ýollar bilen gideýin.
Ylhamma, joşgunma, mährine ezip,
Saňa öz söýgimi serpaý edeýin.

-Çolaşyk bor ujy ýiten kelepde,
Meniň bu sözlerim göwne degmek däl,
Ýüregiňde dömüp, galýar ýürekde,
Serpaý eder ýaly söýgi sowgat däl.

-Yşka pida bolmak merde ýörelge,
Sensiz geçen günme arman edeýin.
Tyg de kirpiklerňi sanç sen ýüregme
Seň üçin janymy gurban edeýin.

-Sazanda özüçe çalar sazyny,
Dürs kakmasaň dutar aglar ses edip,
Bu durmuşda hergiz aýa özüňi,
Söýdürmek hökman däl ömrüň bes edip.
Mämmetgurban Mämmetgurbanow
21.09.2021 8:45

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir