Okaman geçme. Eziz agzalar. Elbetde biz möý kerebini görýän hem bolsak oňa içgin gyzyklanma (yagny, gudrat gözi) bilen oturyp seredip gördikmikäk? Möý kerebi täze müm¬kinçilikleri açýar. Möýler gabarasynyň kinni¬wanjadygyna garamazdan, uly işleri başarýan jandar¬lardyr. Olar bir görseň gurlu¬şyk inženeri ýa-da taslamaçy, bir görseň-de, duşmanlary üçin zäherli maddalar öndür¬ýän himikdir. Möýleriň öndür¬ýän berk kerepleri olaryň ajaýyp işlerinden ýönekeýje biri. Möýleriň guýruklarynyň aşagyndan çykýan himiki maddalar, howply pursatlarda ýa-da zerur bolan halatynda aňsatlyk bilen emele gelýär. Möýler kerep gurmak üçin gerekli bolan maddany hem örän kämil usullar bilen öndür¬ýärler. Alymlaryň ünsüni çekip gelen bu maddanyň formulasy entekler tapylanok. Diametri 1 millimetriň müň-de biri möçberinde bolup, şol galyňlykdaky polatdan bäş esse berk bu himiki madda öz asyl uzynlygynyň dört essesi ýaly süýnüp bilýär. Bu mad¬danyň dünýäniň daşyndan bir gezek saralyp boljak mukdary bary-ýogy 320 gramdyr. Ol madda dürli aminokislota¬lar¬dan emele gelen örän çylşy¬rymly pro¬teindir. ABŞ-da “Science News” (Bilim täzelikleri) atly belli ylmy žurnalda çykan bir makalada, bu maddanyň maýyşgaklygy barada şeýle diýilýär: “Adam¬laryň balyk tutýan torlary ýaly ululykdaky möý kerepleri bilen, bir uçary hem tutmak mümkindir.” Möýdäki bu himiki täsinligi biz ynsanlar öndürip bilsek, onda süýnýän howpsuzlyk kemerleri, bedende yz galdyr-maýan tikin sapaklary, örän ýeňil elektrik simler, ok geçir¬meýän matalar ýaly adamyň ýaşaýşyny ýeňilleşdirjek köp sanly önümler öndürse bolardy. Möýleriň öndürýän ýüpe¬gi adatdan daşary sungat eseridir. Olaryň dartgyn¬lylygy hem-de maýyşgaklygy ýokary derejededir. Bu sebäpli möýüň ýüpegini kesmek üçin sarp edilýän energiýa, beýleki ähli biologik materiallary kesmek üçin sarp edilýän energiýadan on esse köpdür. Möýüň göwresinde öndürilýän bu ýüpegiň gurluşy barada ”New Ýork Times” gazetiniň 2002-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 3-inde çykan sanynda şeýle diýilýär: “Ýüpek proteinleri müňden gowrak aminokislo¬talaryň uzynlygynda bolup, çylşyrymly molekulalardyr. Bularyň kodlaryny çöşlemek örän kyndyr. Möýleriň bolsa bu meseläni aňsatlyk bilen çözüp, proteinleri nähili usulda ýüpek süými halyna getirýändikleri entek doly anyklanylmady.” Elbetde, möýe hem bu zatlaryň baryny her bir jandara iýjek azygyny tapmak üçin dürli aýratynlyklary beren Ýara¬dyjy özi öwredendir. Möý kerebini gurup bolanyndan soňra feromen diýlip atlandyrylýan ys ýaýradyjy himiki maddany öndürip, mör-möjekleri hile-pirim bilen öz guran duzagyna çagyrýar. Möý, şeýdip, tutan mör-möjeklerini öz öndürýän üýtgeşik himiki maddasy bilen bihuş edýär ýa-da öldürýär. Ine, şeýle täsin aýlanyşyk bilen ol öz ýaşaýşyny dowam edýär.

Köneler, NB tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir