Öýleneninden bäri, öýünde galan kakasy zerarly gelni bilen elmydama dawalaşyp-gohlaşýardy. Gelni, kakasyny islemeýär, we onuň öýde bir artykmaçlykdygyna ynanýardy. Dawalar käwagt ynanylmaz derejä ýetýärdi. Ine, ýene bir dawa wagtynda gelni bütin baglary gopardy, “Ýa men giderin, ýa-da kakaň bu öýde galmaz!” diýip, garşy çykdy. Aýalyny ýitirmegi göze alyp bilmezdi. Kakasy zerarly çykan dawalar daşynda bagtly bir maşgalasy, söýýän we özünem söýýän aýaly bilen birem ogullary bardy. Aýaly üçin gaty köp hupbatlary başdan geçiripdi, toý etjek wagtlarynda. maşgalasyny razy edip bilmek üçin gaty kyn meseleler bilen ýüzleşipdi. Entägem ony ölerjesine söýýärdi. Çäresizlik içinde näme etjegini bilenokdy. Gaty köp oýlanyp, özüçe bir çözüm ýoly tapdy; birnäçe ýyl mundan ozal, baglyklara bolan höwesi sebäpli özi üçin gurduran dag etegindäki öýüne eltjekdi kakasyny. Hepdede bir gezek ugrap, gerek zatlaryny garşylajakdy.. we şeýlelik bilenem, aýaly bilen bu meselede dawa boljak däldi. Kakasyna gerek boljak bütin zerur zatlary taýynlandan soň, inwalid kakasyny ýatan ýerinden galdyrdy we gujaklap maşyna mündürdi. Ogly Jan ‘Kaka, menem seniň bilen gitmek isleýän’ diýip, öz diýenine tutduranda, onu-da maşyna mündürdi, we bilelikde ýola düşdüler. Gara gyşyň ortalarydy. We daşarda elhenç bir sowuk bardy. Gar we şemal sebäpli ýoly kynlyk bilen seljerýärdiler. Kiçijik Jan kakasyna dura-bara ‘Kaka, nirä gidýäs?’ diýip soraýar, emma, jogap alyp bilenokdy. Başga tarapdan, nirä alnyp barylýanyna düşünen garry ýaşuly bolsa, gizlin-gizlin göz ýaşlaryny dökýär, ogly we agtygyna belli etmezlige çalyşýardy. Birnäçe sagat dowam eden çetin ýolçylykdan soňra dag öýüne ýetdiler. Köp wagtdan bäri gelmändiler. Küme görnüşindäki bu dag öýi çüýremäge başlapdy, potolok akýardy… Kümäniň bir burçuny arassalady, taýynlady, maşyna ýüklän krowadyny şol ýerik assanlyk bilen serdi. Soňra beýleki zatlary daşady. Soňunda-da kakasyny göterip krowada ýerleşdirdi. Kümäniň içinde tupan turýan ýalydy edil. Çäresizlik bilen kakasyna seretdi, eýýäm şu wagtdan üşemäge başlapdy garry goja. ‘Ertir ýene gelip, bir ýorgan, birnäçe-de odeýal getirerin’ diýip oýlandy. Seýle bir gynanýardy… göýä dünýä başyna ýykylýardy… Ol bu duýgular içindekä, kakasy ýüregine hanjar saplanan ýaly duýýardy özüni.. Ençeme ýyllap azap edip ýetişdiren ogly tarapyndan bir kümä taşlanýardy… içi ýanýardy.. emma belli etmezlige çalyşýardy. Kiçijik Jan bolsa bolup geçýän zatlara düşünenokdy.. Batnyksyz, emma atasynda aýryljak bolmagyň gynanjy bilen diňe bolup geçýän zatlara seredýärdi… Indi… indi gitme wagtydy. Kakasynyň krowadyna egildi we ýaňaklaryny we ellerini öpdi. ‘Meni bagyşla’ diýýän ýaly gujaklady… Indi ikisi-de özüni ele alyp bilenokdy, gygyra-gygyra aglaýardy, kaka-ogul… ‘Men muňa mejbur’ diýýän ýaly seretdi kakasynyň ýüzüne, we Jan’yň elinden tutyp okgunlyk bilen kümeden uzaklaşdy… Maşyna mündiler. Jan, ýola çykanlarynda aglamaga başlady. “Näme üçin atamy ol sowuk ýerde taşlap gaýtdyň?!” diýip, gygyryp aglamaga başlady. Bermäge hiç hili jogap tapmady… ‘Ejeň şeýle isleýär’ diýip bilenokdy.. Jan bir ara ‘Kaka, sen garranyňda, menem seni bärik getirerinmi?!’ diýip soranda, dünýäsi başyna ýykyldy… Ol soragyň berilmegi bilen bilelikde, yza öwürdi maşyny. Küme jaýa ýetenlerinde “Kaka, bagyşla meni?!” diýip kakasynyň boýnundan gujaklady, kaka-ogul biri-birini berk gujaklap, çagalar ýaly gygyra-gygyra aglamaga başladylar… Ogly ‘Kaka, meni bagyşla?! Saňa garşy bu herekedi edenim üçin meni bagyşla’ diýip, ýalňyşyny belli edýärdi… Kakasy, oglunyň şol sözlerine iň manydar jogaby berýärdi: “Yzyňa geljegiňi bilýärdim, balam. Men… men kakamy dag başyna taşlamadyma, sen meni taşlar ýaly… Meni bu dagda goýmajagyňa ynanýadym…”

Köneler, nokia5530 tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir