Hytaýda dünýäniň ähli baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýygnak geçirilipdir... Ýygnakdan soňra Hindistanyň prezidenti Manmohan Singh, Pakistanyň prezidenti Muserref we ABŞ-nyň prezidenti Buş üçisi bir uçara münipdirler. Uçar birnäçe wagt geçenden soň, gijäniň ýarynda, sag ganatynyň hereketlendirijisindäki sag gyradan ikinji porşenine barýan ýag turbasynyň dykylmagy sebäpli heläkçilige uçraýar. Emma, hatda habar beriş serişdelere duýdurylmadyk sebäplere görä 3 baştutan hem diri galan. Gijäniň ýarynda, daş-töwerekde-de yns-jyns ýok, "Näme iş ederis indi" diýip aljyrap durkalaram şol ýerde Buş hüňürdeýär diýýýär gapdalyndakylara "Bolduňyz meň başyma iş janly" diýip "Gijäň ýarynda, bir çola ýer näme iş ederis, näme iş ederis, ondana ýatmaga ýer gözläliň!". Şeýdişip bir-birine igenşip durkalar uzagyrakda bir ýerden fermanyň çyralarynyň ýylpyldysy gözlerine ilýär. Gepiň gysgasy bular gapyny kakyp, çykan öý eýesine-de özlerini tanadyplar. Öý eýesi olary myhman alypdyr, iýdiripdir, içiripdir. Ýöne çözülmeli bir meselejik barmyş. Öý eýesi "Bizde myhman üçin diňe iki sany ýatar ýaly ýerimiz bar, mümkin biriňiz mal ýatakda ýatarsyňyz?! " diýip sözüni soňlap-soňlamaka Hindistanly Singh ara goşulan: "Problema ýok, men ýataryn. Onsuzam biz - hindistanlylar kyn şertlere uýgunlaşan." diýip içinde bir sany doňuz we bir sygyr bar bolan mal ýataga tarap ýola düşýär. Buş çalaja eşdiribiräk "Bolmanda, herkim öz ýerini bilse ýagşy" diýip şol ýerde-de ulumsylyk edýär diýýär. Emma ki 5 minut geçmäkä gapy kakylyp hindistanly yzyna gelipdir: "Mal ýatakda sygyr bar eken, biziň ynanjymyza görä sygyr mukaddesdir, men ol ýerde ýatyp biljek däl!" Şol wagt Pakistanly Muserref: "Meň üçin sygyr-pygyr problema däl, men ýataryn." diýip bularyň dadyna ýetişipdir. Emma 5 minut geçmäkä gapy ýene kakylypdyr we Muserref hem yzyna dolanypdyr: "Ol ýerde doňuz bar! Biz ynanjymyza görä doňuz haramdyr. Men ol ýerde asla ýatyp biljek däl!" diýip goh baryny turuzypdyr. Gözler Buşa dikilipdir. "Eliň geldow, Jorş." diýip Buş oýa batan. Bir bulgur suw içip biraz özüne gelenden soň: "Ýogeý, daş edewersin, prezident bolubam mal ýatakda ýatarynmy, il-gün näme diýer, eýýäm meniň esgerlerim meni gözläp başlandyrlar..." diýip şermendelik baryny eden. Soňra ahyry bolmajagyn bilip mal ýataga tarap ýola düşen. 5 minudam geçip-geçmänkä ýene gapy kakylan. Gaharyndan ýaňa ýarylaýjak bolup, myhmanlaryň ýakynlaryny erbet tarapdan ýatlap, sögünip-gargynyp gapyny açan öý eýesi bir-de näme görsün: gapyda mal bazaryndan gaýdan öküz ýaly ýüzlerini sallaşyp sygyr bilen doňuz duran!
Degishme okan gaty gyzykly.....
-
Bayja
14 years ago
- Yaz dosjan okarys
-
bond
14 years ago
- bula gaty bet eken haywanlar onushmandyr bush bn
-
bond
14 years ago
- bula gaty bet eken haywanlar onushmandyr bush bn
-
Bravo
14 years ago
- Obama naderdika onda?
-
Cwetocek
14 years ago
- :-)
Crash 14 years ago- Kelterak zat yazayngow mlya okamak ishahow gayrat eding!