EURO-2016 Fransiýada Düýn Şweýsariýanyň Ženewa şä­ herinde geçirilen dabaradan soň 2016-njy ýylda geçiriljek 15-nji Ýewropa çempionatyny Fransi­ ýa nyň gurnajakdygy mälim edil­ di. UEFA-nyň 13 agzasynyň ses ber­ meginde saýlanan Fransiýa 7 ses alyp, 6 ses alan Türkiýäni geçme­ gi ba şardy. Gurnamak isleýän 3- nji ýurt Italiýa bolsa hiç hili ses alyp bilmedi. UEFA- nyň beýleki 3 agzasy Platini, Erzik hem-de Aba­ te öz ýurtlary da laşgär bolýan­ dyklary üçin ses berlişige gatnaş­ mady. Dartgynly geçen dabara Türkiýä niň prezidenti Abdullah Gül, Fransiýanyň prezidenti Niko­ las Sarkozi dagylar bilen hatarda, iki ýur duň öňki futbolçylary (Zi­ dan, Karambe...) hem gatnaşdy. Bassyr 3-nji gezek dalaşgär bo­ lan Türkiýe bu arzuwyny indiki çempionata goýmaly boldy. Ýeri gelende aýtsak, Fransiýa döwleti dünýä niň iň iri 3-nji sport çäresi bolan Ýewropa çempionatyny 1960-njy we 1984-nji ýyllarda- da gurnapdy. Şolaryň ikinjisinde ýer eýeleri ýeňşini baýram edip­ di.

Köneler, sido tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir