Salam hormatly agzalar we myhmanlar!. Volkswagen 2011 Phaeton awtoulagynda özüne ünsi çekýän birnäçe aýratynlyk bar. Phaeton ulagy Google Maps ulgamy bilen gönüden-göni maglumat alýan dünýäniň ilkinji awtoulagydyr. Ýagny, soñky çykýan ulaglaryñ köpüsinde bar bolan GPS ulgamy bu ulagda hem bar, ýöne shereket GPS tehnolgiýasyny, Google Maps ulgamyndaky emeli hemradan alynýan suratlary hem-de öýjükli telefon operatorlaryndan gelýän maglumatlary birikdirmek arkaly täsin ulgam döretdi. Sheýlelikde, ulagyñyzdan çykman, shäherdäki dükanlaryñ, otelleriñ ýa-da döwlet edaralarynyñ ýerlerinden habardar bolýarsyñyz, hatda teatrlarda haýsy oýunlaryň görkeziljek diginem bilersiñiz. Ulagyñ gapdalky aýnalarynda ýerleshdirilen kameralar bolsa ýoldaky "tizlik sagatda 50 km çäkli", "bir taraply hereket", "geçmek bolmaýar" ýa-da "durmak bolmaýar" ýaly belgileri tanaýar hem-de size habar berýär. Dynamic Light Assist tehnologiýasy arkaly bolsa, ýörite kamera ulagyñ öñünde bashga bir ulagyñ barlygyny-ýoklugyny anyklaýar we eger-de, ulag bar bolsa, onda çyralaryñ ýagtylygy awtomatik usulda peseldilýär. Awtoulagy hakykatdanam, shereketiñ “fahrvergnügen” ( “sürmekden lezzet al” ) shygaryny doly ýerine ýetirýär. Özleshdiren: Rowshen-Jm
Volkswagen Phaeton 2011
-
Bayja
14 years ago
- Su masyndan edinmeli oytyan
-
Cwetocek
14 years ago
- Yoklay mena halamadym bu mashynlary mena edinjek dal. Bayja alyp bersek boldy:-)
Bayja 14 years ago- Su masyndan edinmeli oytyan