Beýik italýan-amerikan ýazyjysy Leo Buskaglia şeýle diýýär: “Durmuş söýgü­den ybaratdyr we söýgüni ýitirseň, durmuşy-da ýitirdigiňdir”. Söýmek hem-de söýülmek bagtly we manyly ömri ýaşamagyň esasy şertleriniň biridir. Bag­tyýar we manyly ömrüň baş şertiniň söýgüdigine doly göz ýetirip, ýene-de söýmezlik, betbagtlygy özümize kabul etmeklikdir. Nädip söýýän we söýül­ýän ynsan bolmaly?! Bu soragyň jogaby söýgüni duýmagy we beýleki biriniň kalbyna ornaşdyrmagy başarmakdan gelip çykýar. Ilki bilen özümize hormat goýşumyz ýaly, özümizi hem söýmelidiris. Ikinjiden, bize ýakyn bolan ynsan­lary söýmegi, üçünjiden bolsa olara söýgümizi ýetirmegi başarmalydyrys. ................................(Газетдан)

Köneler, BagT tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir