DOSTLUK. Dostlugyň barlygy neneň oňat zat¸ Dostluk howa ýaly zerur dünýäme. Ýaşasyn dostlugmyz Zeminde abat Hem äleme şöhle saçsyn Gün ýaly. Bar ýerde biz bilen dostlugmyz biziň! Aýdymmyz¸baýdagmyz dostlukdyr¸biliň! Dostluk sözi mydam şertimiz bolsunـــــ Dosta dost diýmäge erkimiz bolsun!
Goşgylar
-
vepabet
14 years ago
- Menem söýdüm söýülmedik juwany,
Menden başga bagtly baryn bilmedim,
Ýöne mydam Aý astynda dostlarmyň
Söýgi hakda söhbetini diňledim.
Menem bagtly boldum ýagty dünýäde,
Menden başga bagtly baryn bilmedim.
Ýöne ot başynda dünýäni undup,
Bagtlylaryň söhbetini diňledim.
Ýok, men muny bilgeşleýin edemok,
Adamlara gulak asman bilmedim.
Begendim, gynandym, söýdüm, ýigrendim.
Elmydama özgeleri diňledim.
Indi bilenimden ýazýaryn aýdym,
Öz-özümden monça bolýan, ýeňleýän,
Ýöne sähralara çykamda, ýene
Özgäň düzen aýdymyny diňleýän.
-
Cwetocek
14 years ago
- G.ezizowyn goshgysy bolmaly oytyan minnetdar vepa!
-
vepabet
14 years ago
- SENİ SÖÝDÜM
Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim
Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm.
Öz ýeňles gylygma gazaply boldym
Öz durmuş ornyma indi düşünýän.
Adamlara has ynamly garadym
Ýeňiş bilen tamam boldy gözlegim
Kyn pursatym medet berdi kalbyma
Jadyly däl-seniň ynsan gözleriň
Kim men? jogap tapman şu günlere çen
Seni söýüp kimdigimi bildim men
Ýeňil gopdym başymdaky öýme dek
Diýdim “Ejiz bu dünýäni söýmmedik”
Seni söýüp göz ýetirdim bir zada
Kynçylyk ýok
Ejizlik bar dünýäde.
-
samser
14 years ago
- Nazaryñ goshgularyny gowy göryän . Sagbol vefa goshgular ün.
-
Cwetocek
14 years ago
- Menem halayan g.ezizowyn goshgylaryny
-
BagT
14 years ago
- Эзизим адына Бобы дакайын
овирлип сана бакайын
сен бакмасан, киме гулип бакайын
мен адымдан сойгулиме коп салам!
-
vepabet
14 years ago
-
Cwetocek
14 years ago
- Bagt bet goshgy yazpsynay:-)
shaka 14 years ago- Dosda dost diýmäge dost bolmany bashar
bolmasa ähli dostlaryñ senden gaçar
çyn dosdum ýalan boldi diýersiñ
soñam günäni özüñe dälde dostlaryña ýaparsyñ