Salam hormatly agzalar we myhmanlar! Teleýaýlymlar bilen internet ýaýlymlaryny we hyzmatlaryny birleshdirmegi maksat edinýän internet gözleg saýty bolan Google güýz aýlarynda “Google TV” atly teleýaýlymy tomashaçylara hödürlemäge bashlar. Akylly telewizorlar arkaly tomashaçylara ýetiriljek ýaýlymda Google-daky wideo shekillere ýetiriler. Internete baglanmaga mümkinçilik döredýän bu telewizorlar arkaly adaty teleýaýlymlara hem tomasha etmek mümkin. Shereketiñ Sony, Intel we Logitech ýaly shereketler bilen hyzmatdashlykda döredýän bu meýilnamasy bilen internet we telewizor bir ekranda görlüp bilner. Logitech shereketi uzakdan dolandyrylýan pulty we geçirijisiz klawiaturasyny öndürer. Soñky wagtlarda ýokary geçirijiligi bolan internetiñ hyzmatlarynyñ artmagy bilen internetde wideo shekilleriñ ýaýlymy hem ýaýbañlanyp bashlady. Shereket geçen ýylda jemi 34 milliard dollar girdeji gazandy. Munuñ köp mukdaryny bildirishler emele getirýär. Täze telewizorlarda internetdäki ýaýlymlar bilen adaty ýaýlymlary çalyshmak ishini tiz wagtda ýerine ýetirip bolýar. Sheýlelikde, internetiñ beýleki mümkinçiliklerinden hem añsatlyk bilen peýdalanmak mümkin. Sheýle hem oýun oýnamak bolar. Özleshdiren: Rowshen-Jm
"Google TV" tizden efirde...
-
Rowshen-Jm
14 years ago
- Tizligi ulanýan operatoryña bagly bolýar. Ýagny aýyña azyndan 50GB trafik 3G birikdirilen bolmaly. Bu zat hali tm-da ulanmaga mumkinchilik bolmazmyka diýýän. 70manat berip 3g 1g satyn alyp hichkim ulanmaz. 1gb bu enjamyn yanynda hich zat bolup durya.
-
vasyok
14 years ago
- ayow name tapawudy baray,tv de inet,komp da inet ikisem bir zatlay,kim tapya shu ishsizligi
-
Rowshen-Jm
14 years ago
- Pawudy kan. Munda hem tv hem interneti birlikde ulanyp bolyar. Yokardaky "google tv" diyip duran link-e girip gor! Sho yerde tapawutlary jikme-jik dushundiripdirler.
-
vasyok
14 years ago
- men dine turkmencha dushunyan,name tapawudy bar gaytam,beter tv de inet bar diyip adamlar bar ishinden galya,onem shu sputnikler chykan son bar kishi dom3 diyip onunden turanok,indi inet den dom3 daki,bsk bsklaram gorerda
-
Rowshen-Jm
14 years ago
- Zorlap gorduryan yokdyr. Islegi boyuncha gorerlerda.
-
vasyok
14 years ago
- eyyam kop yurtda bamy bu tv ler,gymmat bahamy.
-
prikolmyrat
14 years ago
- vasyok men firmenny yazyş stilimi nahuy ogurladyn
-
vasyok
14 years ago
- ogrudan ogrulamak halal.
-
Rowshen-Jm
14 years ago
eyyam kop yurtda bamy bu tvler,gummat bahamy.
Bu tvler güýz aýyndan ýaýlyma goýberiler. Bahasy diñe internet trafigiñe tölemeli bolaýmasa. Bashga baha bar diýip görmändim menä.
vasyok 14 years ago- indi tv de de inet bolyamy?naili bolyaka skorosty?