bir dogan-dogana donmez, eneler mahrinden doymaz, akylsyzlar ony bilmez, aklyna guysam yigidin. gahar gelse akyl chashar, suyji soze konul boshar, bahar gelse derya dashar, ylhamy joshsun yigidin. ay-gun mydam atar-batar, sheytan gije-gundiz yortar, her kim oz konlune tartar, sabyry bolsun yigidin. bu dunya bir kervensaray, yagshylardan bolar haray, ynanmasan synap goray, gayraty bolsun yigidin. her kishi myhman chagyrmaz, shor yere ekin gogermez, yazda gargalar gagyrmaz, aklyna guysam yigidin. at bolyandyr yorga chapak oyi gorar garry kopek toylarda yapylsa chelpek, maksad myrady bolsun yigidin. kone yorgan sowuk bolar irte yatan towuk bolar at abrayy ile dolar akyly bolsa yigidin. goz gorup eli etmese, oynan oynunda utmasa, den dushy adyn tutmasa, howesi bolmaz yigidin. durnalar uzaga uchmaz gyzlar kowar yigit gachar sower yary saylap secher pahimi bolsa yigidin. ene ata sozun dinlar dogry gezer yolun onlar her sozden bir many anlar namysy bolsa yigidin.

Köneler, Zilola tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir