Gün dogar aý dogar öz wagty bilen
Öz wagty gelende süýjar almalar
Başagaý durmuşda darykma kalbym
Gyssanma, hemme zat ýerbe ýer bolar!

Bir ömürde müň alada gaýgy bar
Adamlaryň garasy bar agy bar
Şükür, ýöne ähli zadyň çägi bar
Gyssanma, hemme zat ýerbe ýer bolar!

Bugdaýy suwarsaň çaýyram ganýar
Gargada asmanda laçyn dek gaýýar
Çybyklar çüýreýär töňňeler galýar
Gyssanmaň, hemme zat ýerbe ýer bolar!

Eşegiň yzyna tirkelen düýe Namysdan ölenmiş öz etin iýe
Urpok tozar gider, sarsanok gaýa
Gyssanmaň hemme zat ýerbe ýer bolar!

Mydam bolup durmaz dokuzyň doly
Başyňy belent tut pesde tut päli
Küştiň mallarnyň dikilşi ýaly
Gyssanmaň hemme zat ýerbe ýer bolar!

Berdinazar Hudaynazarow
14.09.2021 18:28

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir