Ýazgyt,diňe yslam dini bilen ýüze çykan düşünje däl.Ýazgyt yslamdan müň ýyllar ozalam bardy.Muhammet(S.A.W)pygamber dünýä inmezden ozalam araplar ýazgyda ynanýardylar.Bu düşünje hat-da,hiç wagt yslamy kabul etmedik we köp hudaýlylyk dinine ynanýan hindilerde-de bar.
Bir adam ýeke hudaýa ýa-da köp hudaýlylyga ynanmagynyň hiç hili parhy ýok.Iň esasy zat,şol adam özüni ýaradan,özünden güýçli bir barlygyň ýaşaýanlygyna ynanýar.Bir adam hudaýa ynanýarmy ol adamda hudaý(hudaýlar)bilen baglanşykly däp-dessurlar,ynançlar ýüze çykyp başlaýar.Mysal üçin:Doga-dileg etmek,gurban bermek,ybadathana,buthana,metjit gurmak we ş.m.
Mundan 1500 ýyl ozalky ýaşan adamlaryň bary ýazgyda jany-teni bilen ynanýardylar.Hat-da ýazgyda Muhammet(S.A.W)pygamberiň özi,pygamber bolmazdan ozal hem ynanypdyr.Şol ynanjyň yslam dinine girmeginiň geň däldigini şondan hem görmek bolýar.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir