Iň köp ulanýan html kodlarym

Salam hormatly saýt agzalary we okyjylary? Bu günki blogymda men size iň esasy gerek bolan iň köp ulanylýan html kodlary barada başardygymdan giňişleýin maglumat bermekçi.Elbetde köpümiziň bilşimiz ýaly admin bolmak ýagny bir saýty dolandyrmak üçin azajygam bolsa html kodlaryny bilmek hökmandyr.

Bellik: Üns beriň html ýaly kodlar bilen meşgullanylanda juda seresap bolmaly. Html kodlarynda göýberilen ýekeje ýalňyşlyk hatda ýekeje nokat (.) azajyk boş ara goýmak hem tutuş kodyň bozulanmagyna getirip biler.

Meniň iň köp ulanylýan kodlarym bolsa şu aşakdakylar.

1. baglanşyk goýmak.
2. kese çyzyk
3. ýöreýän ýazgy.

Umuman meniň özümä html kodlaryna kän kelle agyrdamok. Şonuň üçin esasy şu üç kod barada maglumat bereýin.

1. baglanşyk goýmak.

Bilşimiz ýaly html kodlaryna < , > belgilerni goýmak hökmandyr.

Indi mysal üçin talyplar.com saýtyna baglanşyk goýmak üçin biz aşakdaky html kodyny ulanarys.

Talyplar.com

Bu ýerde Talyplar.com< html kodynyň bu bölegi bolsa ulanyjylaryň görüp bilýän ýazgysydyr. Ýagny zyýaratçylar siziň goýan html baglanşyk kodyňyzy tutuşlygyna görüp bilmeýär. Zyýaratçylaryň gözüne diňe > ... < belgileriniň arasyndaky ýazgy görünýär. Şonuň üçin şol aralyga haýsy ýere baglanşyk goýjak bolsaňyz şol ýeriň adyny ýa-da gysgajyk maglumat ýazmaly . Meselem Talyplar.com

bu bölegi bolsa html baglanşyk kodynyň gutarandygyny aňladýar.

GUTLAÝAS indi siz html kod arkaly baglanşyk goýmagy öwrendiňiz . Şu kod arkaly siz islendik ýere baglanşyk goýup bilersiňiz .

2. kese çyzyk

Bu kod juda ýönekeý . Ýagny siz kese çyzyk goýmak isleýän ýeriňize kodyny goýaýmaly.

3. ýöreýän ýazgy.

Bu kod bilen siz saýtyňyza ýöreýän ýazgy goýup bilersiňiz. Ýöreýän ýazgy goýmak üçin aşakdaky ýaly kod ulanmaly.

Salam

Bu ýerde > < belgileriniň arasyndaky salam ýazgysy zyýaratçylaryň görüp biljek ýazgydyr. Onuň ýerine başga islendik ýazgyny ýazyp bilersiňiz.

bolsa ýöreýän ýazgy html kodynyň gutarandygyny aňladýar.

Üns bilen okanyňyz üçin sag boluň .

Siz hem öz bilýän html kodlarňyzy paýlaşyň.

Blogy ýazan : Gerçeknazar Amannazarow , blogger.

Çeşme: bloglar.7wk.ru

Tehnologiýa, Gubadag_A.Alayew tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir