- Adam bilen düýäniñ näme tapawudy bar?
- Adam tutuş hepdeläp işlemän, içip bilýär, düýe bolsa tersine.
* * *
Çukça holodilnik satyn alypdyr. Adamlar geñ galyp:
- Muny näme etjek? Sen demirgazykda ýaşaýañ-a? - diýip sorapdyrlar.
- Ýylynmak üçin alýan. Ol ýerde sowuk daşarda elli gradusa ýetýär, holodilnikde bolsa bary-ýogy ýigrimi gradus.
* * *
Myhmanlar gitjek bolup, gapynyñ agzynda geýnip durlar. Öý eýesi aýal oguljygyna ýüzlenýär:
- Myhmanlar ugrajak wagty näme diýmeli?
- Hudaýa şükür, ahyry gitdiler-ow - diýmeli - diýip, oglanjyk hemmelere eşitdirip jogap gaýtarýar.
* * *
Söweş meýdanynda agyr ýaraly ýatan Abram ýanyna gelen Iwana ýüzlenýär:
- Iwan, men indi adam bolman. Beýdip heläk bolup ýatanymdan, gowsy, öldür meni.
- Meniñ okum ýok ahyryn.
- Menden satyn alaý.
* * *
- Aýalymyñ doglan gününe arzanjak, ýöne onuñ göwnünden turaýjak näme sowgat etsemkäm?
- Golsuz söýgi hatyny ýazaý.
* * *
Semiz adam öz ýoldaşyna ýüzlenýär:
- Saña seredip, ýurtda hakyky açlyk düşendir öýdýäñ.
- Saña seredibem, onuñ sebäbine göz ýetirýärsiñ.
* * *
- Biz Jon bilen hiç wagt puluñ üstünde käýişemzok. Sebäbi onuñ gazanýan sähelçe puly agzyñy alardanyña degenok.
* * *
- Eger içmäñizi goýsañyz, sizi bölümiñ başlygy wezipesine geçiräýmek pikirim bar.
- Azara galmañ. Içen wagtym men özümi baş direktoryñ ornundan pesde göremok.
* * *
Adam ata bilen How ene uçmahda gezim edip ýör.
- Sen meni söýýärmiñ? - diýip, How ens Adam ata ýüzlenýär.
- Dagy başga kimi söýeýin? - diýip, Adam ata uludan demini alypdyr.
* * *
- Irki adamlaryñ telewizorsyz, telefonsyz, kompýutersiz, internetsiz nädip ýaşandyklaryna teý, aklym çatanok.
- Akyl çatmaz ýaly ýaly näme bar bu ýerde? Şol zatlar bolmany üçinem, ölüp gidipdirler-dä.
* * *
Bir gezek haýwanlaryñ şasy Ýolbars öz golastyndaky ýygnap, şeýle diýipdir:
- Akyllylaryñ bir tarapa, owadanlaryñam beýleki tarapa saýlanyñ.
Hemmeler öz ornuna geçensoñlaram, bir maýmyn öñki ýerinde durmuşyn. Ýolbars ondan:
- Sen näme dursuñ? - diýip, sorapdyr. Maýmyn müýnürgemän jogap gaýtarypdyr:
- Men näme, ikä bölüneýinmi?
Jeksparro 3 years ago- 😁😂😂😂😂😂😂😂