1. Içerini tertipleşdirdim...Öň her bir goş öz ýerinde çalam-çaş bolup ýatyrdy, indi bolsa her goş näbelli bir ýerde saýhallanypjyk ýatan bolmaly...
2. Kakasy ogluna käýýeýär: “Sen bar-a, birmahal ullakan we özbaşdak adam bolduň. Sen 25 ýaşadyň. Bu durmuşda seniň deregiňe birmahal aýalyň hemme zady çözmeli, henize bu güne çenli ejeň çözüp ýörmeli däl-de...”.
3. Saýawan – ýagyn-ýagmyryň garşysyna ulanylýan ýörite tumardyr. Şol tumar ýanyňyzda size ýagyş hiç hili zeper ýetirmez!
4. Pişikleriň we tälim bermegiň biri-birini düýbünden ret edýän närselerdigi hakynda nukdaýnazar bar. Bu düýpgöter ýalňyş. Meniň pişigim maňa bary-ýogy iki-üç günüň dowamynda ýeterlik tälim berdi.
5. Är – bu şeýlekin bir geň jandar welin, ol ýekeje gezek zibil bedräni döküp gelenden soňra, ýyllarboýy özüniň ärlik borjuny doly ýerine ýetirip tamamlandygyna çuňňur we mukaddes ynamy özünde saklap gezmegiň hötdesinden gelýär.
6. Aýagyň külembikesiniň esasy wezipesi – öýde hemme tekjelerdir-şkaflaryň öz ýerinde durandygyny anyklamakdan ybaratdyr.
7. Ýyllaryň geçmegi bilen kosmetika sebetjigi derman gutujygyna öwrülýär.
8. Eşigine görä garşy alyp, aklyna görä-de ugratdylar. Gepiň gysgasy ol iki gezek ýenjildi.
9. Meniň diňe ösümlik iýijileri (wegetarianlary) halamazlygymyň esasy sebäbi, olar meniň owkadymyň owkadyny iýýärler.
10. Näme üçin, zibilhanada 100 ýyllap pytramaýan piwo gaplaryny öndürmegiň hötdesinden gelýän häzirki zaman enjamlary, şol bir wagtyň özünde 3-4 ýylyň dowamynda öz-özünden çüýreýän awtoulaglary öndürmegi başarýarlar?! Hä?!
11. Haçan-da sen ölen bolsaň, ýöne bu barada seniň özüň bilmeýän bolsaň, onda özgeler üçin ýaman kyn bolýar. Haçan-da sen dürtme samsyk bolsaňam şeýle...
12. Emeli paýhas – tebigy akmaklygyň ýanynda barypýatan bolgusyzlyk.
13. Bary-ýogy birje gezek ýaşaýarys. Ýöne bu hem bize az. Sebäbi biz üçin hemme zat, beýle däl...ol ýerde däl...gerekli pursadynda däl...we ş.m..

Edebiýat, broken heart tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir