Hormatly agzalar, sizin ahlinize salam, kabir sebaplere gora su wagta cenli girip bilmedigim ucin bagyslan. Men yany Enayjan Eje hakda yazan "http://www.talyplar.com/7781-eje--bagyshla-.html" wakasyny okap, su yerde mahriban enelerimiz barada taze tema acmagy makul bildim, gelin hormatly agzalar, mahriban kabelerimizi wasp edip, olaryn gowunlerinden turalyn. Cunki her bir eje oz cagasynyn bagtyny, oz cagasyna dine gowulyk isleyar,elbetde her bir caga ejesine-de. Mahribanlar, menem oz basardygymdan setirleri gosdum, sizem oz ukybynyzyn boldugyndan sygyrlardyr, wakalary yazsanyz, enelerimizin bir minut-da bolsa keypini caglandyrsak, bize sondan ozge name bagt bar?! Mähriban käbäm Ejem seniň maňa aýdan sözleriň, Ýola çyksam, ýolda galýar gözleriň, Bu ýurtdaky dag-derýalar düzleriň, Ählisinden belent, mähriban käbäm. Çagalykda bize terbiýe berip, Ak-garany saýgarmaga ýol berip, Gijä galsam, gözi ýolda, gol berip, Meni öýe çenli ýetiren käbäm. Entek çagalykda köp akyl berip, Ata-babalardan sen nakyl berip, Diýerdiň hemişe “sen, gapyl görip”. Görüpleriň ýolun düzeden käbäm. Bu gün gaýdar bolum alys illere, Bilim guşagyny guşap billere, Oglun Mekan aýdar, goşup dillere, Wasp edermen seni mähriban käbäm.

Köneler, MekanOraz tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir