Rektor,dekan we professor agajyň üstünde oturan eken.Aşakdanam bir talyp geçip barýar.
Dekan:
-Şu talybyň öňüne 100 manat taşlalyň.Talyp begenjine gidip içýär.Soň ony stipendiýadan mahrum edýäris.
Rektor:
-Talybyň öňüne 100 dollar oklasak,ol begenjine gidip grupbasy bilen içýär.Soň tutuş grupbany stipendiýadan mahrum edýäris.
Professor dekanyň gulagyna:
-Rektoryň özüni agaçdan oklasak,begenjine tutuş uniwersitet gidip içýär.Baryny stipendiýadan mahrum edýäris.

Komandir täze esgerleri nyzam bilen stalawoýa alyp barýar.
-Bir iki,bir iki,bir iki....
Onuň ýanyna bir gyzjagaz gelýär.
-Daýyjan,isleseňiz men sanaýyn.Men 10-a çenli sanap bilýän!

Başlangyç synp otagy.Mugallym okuwçylara:
-Eger 4-5 baha bilen okasaňyz jennete düşýärsiňiz,2-3 bilen okasaňyz başga ýere...
Yzdaky partada oturan okuwçy gapdalyndaka:
-Näme,biz indi ölýänçäk okamalymy?

Bildiriş!!!
Öz derwezesine gol urýan futbolçylar FIFA kararyna görä, indiden beýlä, garşydaş topardan aýlyk almaly.

Iki däli köçede barýar:
-Muňa seret men ýerden 10 dollar tapyp aldym.
-Aý malades,hany tapan puluňy maňa ber!
-Ýok,men ony ýyrtyp taşladym.
-Petuhmyň,näme üçin puly ýyrtýaň?
-Aý ol galp pul eken
-Galpdygyny nirden bildiň?
-Özüň pikir edip gör,10 dollarda iki nol näme işlesin?!


Iki futbolçy özara gürleşýär.
-Ol dünýäde-de futbol oýnalýarmyka?Gel,bir zat edeli.Kim birinji ölse beýlekiň düýşüne girip,bu hakda aýdyp bermeli.
3 ýyldan soň birinji futbolçy ölýär we ikinji futbolçyň düýşüne girýär.
-Dost,bu ýerde-de futbol oýnalýan eken.Indiki hepde çempionat başlaýanýar.Men seni hem öz toparymyza ýazyp goýdum.

"Gorkanyň başyňa geler"-diýen gepi eşidelim bäri,owadan gyza öýlenmekden we baý bolmakdan öler ýaly gorkýan.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir