Toba (hekaya) 

Togsan dokuz adamyñ başyna. ýeten rehimsiz bir adam bar. eken
Bir gün ol eden işlerini
ýatlap, gaýga çümüpdir we ylymly
bir adamyñ ýanyna baryp,
geçmişini gürrüň beripdir. Toba
edip, dogry ýola gelmek
isleýändigini, dürs ýaşamak
isleýänini aýdypdyr. “Ýöne,
munça adamyñ ganyna
galamdan soñ, Tañry meniñ
günämi
geçermikä?” diýip, ganhor ylym
okan kişiden özelenip sorapdyr.
Alym adam her näçe kän okanam
bolsa, okan ylymyny doly
özleşdirereden ejiz ekeni. “Ýok,
munça adam öldüren bolsañ,
Tañry seniñ günäñi geçmez”
diýip, ol toba etmäge, ters
ýoldan dönmäge gelen ganhoryñ
soragyna kesgin jogap beripdir.
RyGanhor bu söze dergazap
bolupdyr: “Oñ ýaly bolsa, men
senem aýap goýmaýyn”
diýip, ol alym adamyñ hem
kellesini kesipdir. Soñra ol başga
bir alymy gözläp tapypdyr we ýüz
adamy öldürerini gürrüñ
beripdir. “Eger toba etsem, Hudaý
meniñ günämi geçmezmikä?”
diýip, ganhor alymdan sorapdyr.
Alym akylly adam ekeni. Ol
ganhoruñ gözleriniň içine garap
şeýle diýen: “Elbetde, eger ak
ýürekden toba etseñ, Hudaý seni
hökman bagyşlar. Ýöne meniñ bir
nesihatym bar, toba edeñsoñ,
bozuk adamlardan gaça dur,
gowulara goşul, bozuk adamlar
seni ýene öňki ters ýoluña dolap
elter.”
Ýüz adam öldüren ganhor bu
sözlere pagyş-para eräp, ýarym-
ýaş halda eden ters işlerine toba
edipdir we Hudaýdan özüni
bagyşlamagyny sorapdyr. Şondan
soñ ol özüniñ bet pygylly
ýoldaşlaryndan ýüz öwrüp, päli-
niýeti düzüw adamlaryñ ýaşaýan
ýerine ýönelipdir. Ýöne ýolda
toba eden ganhoryñ sanalgysy
dolupdyr we ol dünýäden
ötüpdir. Şol mütdetde hem
dowzah we jennet perişdeleri
merhumyñ janyna eýe çykmaga
gelipdirler. Dowzah perişdleri
merhumyñ dirilikde köp adamyň
ganyna galandygyny aýdyp, onuñ
janynyñ özlerine degişlidigini
subut etmäge çalşypdyrlar. Ýöne
jennet perişdeleri hem kem
oturmandyr.
- Merhum ölmezden öñ toba etdi
we dürs ýaşamak kararyna geldi.
Şu niýet bilenem ol gowy
adamlaryñ ýaşaýan ýerine
ugrady, ýöne ýolda kazasy doldy -
diýip, jennet perişdeleri aýdypdr. Turupdyr bir dawa-galmagal.
Onsoñ bu dawany çözmek üçin
Jebraýyl perişde iberilipdir. Ol iki
tarapy hem diñläp, şeýle karara
gelipdir: “Ýeri, aralygy ölçäñ. Eger
merhumuñ ölen ýeri gowy
adamlaryñ ýaşaýan ýerine golaý
bolsa, ol jennet perişdlerine
degişli bolar. Ýöne birden onuñ
ölen ýeri bozuk adamlaryñ
ýaşaýan ýerine golaý bolsa, onda
ony dowzah perişdelerine
bermeli bolar.”
Bu karardan soñ ýeri ölçediler.
Toba eden dürs adamlara tarap
ýañy ýönelende jan berensoñ, ol
heniz bozuk adamlara has golaý
ekeni. Ýöne ol ak ýürekden toba
edip, ýaman pälinden
gaýdypdyr we Hudaý onuň ýatan
ýerini süýşirip, gowy adamlaryñ
ýaşaýan şäheriniñ alkymyna
getiripdir. Şeýlelikde eden ýalñyş
işlerine çyndan ökünen we ak
ýürekden toba eden bende
jennet perişdelerine berlipdir.
Muzaffer şyhyñ hekaýasy.""

Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir