Pul diýlen zat oýlap tapylanda, atamyň atasynyň atasynyň atasyny görkezip, şularyň tohumyna hiç pul beräýmäň! diýdilermikä, ata baba garyp biz.

Merjen meniň bilen hiç tanamaýanym hakda 45 minut gybat etdi, soňam hiç kime aýdaýma diýdi. Kime aýdaýyn ol natanyş hakda şonsyzam?

Batareý çökse, dişleýäs. Şampun gutarsa, suw guýýas. Paketli atym çaýy 3-4 gezek ulanýas. Çäresizlik diýen söz ýok bizde.

Madonna 55 ýaşynda, söýgülisi 22 ýaşynda. Jennifer Lopez 43 ýaşynda, söýgülisi 26 ýaşynda. Söýgülim ýok diýip gynanmaň, entek dogulmadyk bolup biler.

Kiçikäm gaty işeňňirdim, elimem çermäp ýatýadym.

Men agzy ýapyk fistaşkalaram göni musorka zyňýan, näz eden bolma maňa Merjen!

Ýöräp ýören guş görsem janym ýanýar. Men uçup bilsem diňe ýatjak bolamda gonardym.




Siz milliarder bolsaňyz, her gün 1000 dollar sowsaňyz, puluňyz 2740 ýyldan gutarar. Şu maglumat meni günime goýanok.

Goýunlar mäleşýärdi, adamlar aşa düşýärdi, dermanhanadaky daýzalar titreşýärdi, tekjedäki Mezimler garaşýardy, Gurbanlyk ýakynlaşýardy.

Edebiýat, soho tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir