Hytaýda nahar iýmek üçin her ýyl 74 milliard­dan gowrak nahar iýilýän çöpjagaz ulanyl­ýar. Başgaça aýdanymyzda, bu görkeziji 1,7 million kub metr ýa-da 25 million agaja bara­bardyr. * * * Hytaý Halk Respublikasynda 18-22 ýaş aralygyndaky erkek raýatlara gul­luk borjy hökmanydyr. ***** Tan dinastiýasynyň imperatory Wu Hytaýyň taryhyndaky ýeke-täk zenan imperatordyr ***** Hytaýda 3 müňden gowrak teleýaýlym bar ***** Hytaýlylar 2 müň ýyl bäri çaý içýärler ***** Hytaýyň milli pul birligi bolan“ýuanyň” manysy “milli pul birligi” diýmekdir. ***** Beýik Hytaý Diwaryny älem giňişliginden ýönekeý göz bilen görüp bolýar ***** Pandalar Hytaýyň Siçuan, Şensi we Gansu daglarynda ýaşaýarlar. Olar Hy­taýyň döwlet emlägi hasaplanylýar. Pandalaryň esasy iýmiti bambuk agajy­dyr. ***** Hytaýlylar öz dişleriniň aladasyny diýseň yhlasly edýärler. Şunuň bilen bagly­lykda Hytaýda “öz dişleriňi söý” atly milli gün hem bar. Şol günüň senesi 20-nji sentýabrdyr. ***** Gadymylygyň ensiklopediýasy bolan «Ýunle ensiklopediýasy» Min dinastiýa­synyň eýýamyna degişlidir. Ol 22937 jiltden ybaratdyr.

Köneler, Laplandiya tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir