It bolmak.(Hantörä öýkünme)
Bize güjüklikden şeýle öwretdiler ,,olar adam, biz it. Biz olardan tapawutly". Emma nädip it bolunýandygny öwretmediler. Biz häzirki wagtda robotdyr, adamlara öwrülip barýas.
Adamy sypatlarymyz:
Uklaýarkak adamdyrys, adamlaram uklaýar.
Bir zat iýip-içkärkäk adamdyrys, adamlaram iýip içýär.
Uruşýarkak adamdyrys
Jynsy gatnaşykdakagam şol, birine kömek etsegem, sebäbi adamlaram biribirlerne kömek edýär. Oýnaýarkagam adamdyrys...
Robot sypatlarymyz:
Sirkde öwredilen zatlary tomaşa wagty, eýämiziň buýrugy bilen gyşarnyksyz ýerine ýetirýän pursadymyz robot ýalydyrys.
Onda biziň itçilik sypatlarymyz näme?
Birnäçe ýüz kilometrden öýümizi ýalňyşman tapyp bilýän wagtymyz biz itdiris.
Bir döwüm çörek iýip,eýämize wepaly bolýan wagtymyz biz itdiris.
Tupanly gijede mert durup sürüni goramak üçin,möjek bilen garpyşýan wagtymyz biz itdiris.
Öz öýümiziň töwregini goraýan wagtymyz biz itdiris...

Adamlar öz adamçylygy bilen dünýäni harap edýärler.Dünýäniň soňuny çaltlaşdyrýarlar.Olaryň maşynlaryndan,zawotlaryndan çykýan tüsse ekologiýany hapalaýar.Müňlerçe haýwan her ýyl adamlar tarapyndan wagşyýana,diňe güýmenje üçin öldürilýär.Adamlaryň günäsi bilen tokaýlar çapylyp ýok edilýär ýa-da ýandyrylýar.Olaryň oýlap tapan ýaraglary göz açyp ýumasy salymyň içinde dünýäni ýok edip bilýär.Olaryň laborotoriýalarynda ýasalan wiruslar diňe adamlara däl,haýwanlar üçinem gyrgynçylyk getirip bilýär.Olaryň wagşyýana uruşlary haýwanlara-da gaty çökder düşýär.Eger-de dünýäde adamzat ýok bolanda,tebigat gör neneňsi ajaýyp bolardy.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir