Dodaklary çommaldy, ýöne, içinden aýdandyr-da, gymyldamady.
* * *
Zerkäkil milisiýanyň naçalnigine garaşmaly bolmady. Ol ýerinde ekeni. Asyl, o agşamky waka zerarly öýüne gitmänem eken. Zerkäkilem, ol derhal kabul etdi.
― Bar zatdan habarym bar, jigi, ýöne, edibiljek kömegim ýok. Men entek ony «psihiatra» görkezmeli. Akyly-huşy ýerindemi, dälmi, anyklamaly...
― Sag, sag... Ol sag. Akyly-huşam ýerinde... ― diýip, Zerkäkil çaga ýaly owsunjyrap oturyşyna ellerine çenli galgatdy.
― Wah, ikimiziň aýdanymyz bilen bolanok-da, jigi... Bolýan bolsa sen beý diýmezdiňem. Sebäbi, kanun boýunça öz akylynda däl adama ýyl kesilmeýär...
Zerkäkil azajyk oýlanyp oturdy.
― Şoň şeýleräk bolaýmagam ahmal, neçennik daýy. Oň gyzyl oduň içinden gelip durşy şü...
― Bu gürrüňi goýaly jigi. Seň nikalaşmak baradaky meseläňem aýtdylar. Men onam çözüp bilemok. Biz onuň işini boldum edenimizden soň, prokuratura geçirmeli, olardan soň ol iş suda geçmeli. Ana, şolar bellisini aýdyp bilerler.
― Kömek edip bilerlermikä?
― Bilmedim-dä, jigim. O zatlar işiň haýsy tarapa ugur aljakdygyna bagly. Egerde atuw berilmese...
Naçalnik şeý diýenden Zerkäkil elleri bilen ýüzüni tutdy-da, çirkin gygyrdy. Titräp başlady. Naçalnik nobatçyny çagyrdy.
― Suw!..
Suw berlensoň gyz birneme özüne geldi. Ýüzüne sepelänsoňlar hasam. Şondan soň ony daş çykardylar. Açyk howa oňa hasam gowy täsir etdi.
Edil şol wagtam aňyrdan ylgaşlap gelýän Aksoltan:
― Waý, jan balam, sen asyl bärdemidiň... ― diýip, gyzyny garsa gujaklady. ― Ýüregim-ä ýardyň...
...Biraz özlerini dürsänlerinden soň, eneli-gyz ikisi naçalnigiň ýanyna ýaňadandan girdiler.
Naçalnik Aksoltana seredip:
― Men gyzyňyza barsyny düşündirdim, ýeňňe, indi gep gutardy. Siziňkiniň jenaýaty agyr.
― Onda gelenimize görä görüp bir gideli.
Naçalnik oýlanyp köp oturdy. Bir ýerlere jaň etdi. Kimdir biri bilen rus dilinde bir zatlar barada gürleşdi. Ahyram trubkany goýup, uludan demini aldy-da:
― Ohrana!.. ― diýip, gygyrdy. Milisiýa eşiginde bir ýigit «gürp-tarp» edip geldi-de, sag elini papagynyň gaşyna ýetirip «çest» berdi. Naçalnik ýerinden turup iki ýana gezmeledi. Näme üçindir gaty ýuwaş gepledi.
― Şulary tussag bilen duşuryň. On minut. Gözenegiň aňyrsyndan.
...Görbörä gözi düşenden Zerkäkil ylgap baryp, kapasadaky guş ýaly gözenege germeldi. Şunça ýyllap Böri bilen hatda hat üsti bilen salamlaşmaga-da ygtyýar bermedik ene, gyzynyň bu wagtky hereketlerini dagy göze-de almady. Ol Peleň awçynyň maşgalasy bilen şeýle bir öwrenişipdi welin, Gökbörini dagy öz çagasy däldir öýtmeýärdi. Gyzynam oňa baryp-ha birwagtlar berdim edip ýördi.
Hiç kimden ses çykmady. Naçarlar agladylar. Gökböri bolsa olara göwünlik berdi. «Men indi gaýdyp gelmen, maňa garaşma» diýen ýaly, düýnki, bagyrlaryny suw eden sözleri-hä ol aýtmady, Zerkäkilem «Waý, bizi nikalaşdyryň» diýen ýaly, netijesiz sözleri dile getirip, hem öz janyny, hem magşugynyň janyny ýakjak bolmady.
Indi hemme zat ýagdaýa bagly. Indi bar zady nesibe-takdyr çözer. Maňlaýa ýazylanyny el bilen düzedibem bolmaz, bozubam, bulaşdyrybam bolmaz.
Reňkleriniň gopuşan ýerinden poslary görnüp duran gözenegiň aňyrsyndan käte bir kaklyşyp gidýän elleriň, ýaňaklaryň ýylysy, olaryň ikisine-de şony sargaýardy, şony ündeýärdi. Şol ýylynyň üsti bilen ýüreklerden-ýüreklere geçýän mähir bolsa olara öňde duran kyn günleri, aýlary, ýyllary, çekip çydarlyk güýç, kuwwat berýärdi.
Olara päsgel bermezlik üçinmi ýa bolup duruşlaryna dözmedimi, Aksoltan dälize çykdy-da, olaryň ikisi üçinem ýüreginden syzdyryp, zara-girýan aglady.
Zerkäkil tä, Gökbörä sud bolýança gün yrman diýen ýaly şähere gatnady.
Soňabaka Aksoltan ony ýeke goýbermäge-de kaýyl bolmaly boldy. Çünki, birinjiden-ä hernäçe duýgudaşlyk etselerem, kolhoz ýolbaşçylary Aksoltanyň iki gün, aňry gitse üç gün işden galmagyna razy boldular, dördünji güni «iňňildeşip» başladylar. Galyberse-de, indi Zerkäkil şäher gatnawyna öwrenişiberipdi. Iň bärkisi ikinji gezek, ejesi bilen barýarka-da sataşyp şähere bile gidenlerinde, Kössekmyradyň her gün ir bilen şu obanyň deňinden geçýänini sorap bilipdi.
Gyzyň näme üçin beýdip saňsyraklap ýörenini bilenden soň-a Kössekmyradyň özem oňa kömek etmäge ilgezik boldy. Käte obanyň deňine gelende gyzyň ýaňy bir gyzyl nokat ýaly kem-kemden ulalyp gelýänini görüb-ä garaşmanam özüne kiçilik bilmedi. Çünki, ol ýigit hernäçe agyr işi, jenaýat edenem bolsa, ar-namys üçin, onda-da uruşda wepat bolan agasynyň haky üçin şeýden, bu gyzyňam şeýdip, heniz barlyşmadyk ýigidiniň ugrunda ser-sepil bolup ýörendigi üçin olaryň ikisine-de ýüreginde sylag-hormat döräpdi.
Asyl şu wakaly gürrüň ýaýrandan soň, raýonyň ähli adamlaram öňdenem «garaçomak» saýylyp ýören Gandymam, arkasynda duran Çerkezem uruşda Watana dönükligi üçin tama söýäp atylan dönükler bilen bir hasap etdiler. Böriniň goýberilmegini islediler.
Ýöne, nätjek, kada-kanunyň bar ýerinde göwün-islege indi garalýarmy näme?
Şähere gatnan günleriniň içinde Zerkäkilem öz meselesi bilen ýeke bir prokuroryň ýa suduň başlygynyň ýanyna däl, eýsem raýkomyň birinji sekretarynyň ýanyna-da, ispolkomyň başlygynyň ýanyna-da, hatda, raýon merkezinde ýerleşýän harby otrýadyň naçalniginiň ýanyna-da girip çykdy. Hemmesindenem şol, birmeňzeş jogaby aldy. «Biz suduň işine garyşyp bilemzok». Ýa-da: «Hany, suduň näme çözgüt çykarýanyny bir göreli».
Soňabaka Zerkäkil bu işe şeýle bir ökdeledi welin, käbir türkmen däl başlyklaryň ýanyna baranda «patdyk-sutdyk» orsça-da gepläberdi.
Namys ýesiri-10 (powest)
-
Korolewa
3 years ago
- ...Umuman, sud öňli-soňly üç güne çekdi. Garalawçy günäkäre ölüm jezasynyň berilmegini, atuwa höküm edilmegini sorady.
Aklawçy bolsa, onuň ilki üç ýyl gulluk edendigini, soň dört ýyllap urşa gatnaşandygyny, alan medallary, azat eden şäherlerini, şeýle hem bu işiň türkmeniň iň bir ynjyk meselesi bolan ar-namys bilen baglydygyny, egede günäkäriň haýyş edişi ýaly göwreli maşgala ýygnalan bolsa, ýagdaýyň şu derejä ýetjegem däl ekendigini göz öňüne tutup, oňa beýle ýowuz jezanyň berilmezligini we onuň ýigrimi ýyllyk jeza bilen çalşyrylmagyny haýyş etdi.
Ine, şu ýerde hem ak şlýapaly «daýy» özüniň kimdigini görkezdi. Sudýadan söz sorady-da, elleriniň hereketleri bilen, ilikleri ýazdyrylan kiteliniň syýlaryny galgadyp durşuna:
― Elli gepden belli gep! Ýa şuňa şu ýerde atuw beräge-de ertirem tama söýäp atýaňyz, ýa-da ýüz ýyl berseňizem, boşap gelen güni hut özüm şuň bagryny garaldýan. «Dynyp geldim-ow» diýip, obada «ülpüldäp» gezmejekdigi çyn... ― diýdi.
Netijede sud Gökbörä 25 ýyl berilýändigini yglan etdi. On günüň içinde ejir çeken tarapyň ýokary suda arz edip bilýändiklerini hem aýtdy.
Gökbörini zaldan alyp çykmakçy bolanlarynda, telim gün bäri oba bilen şäher aralygynda ylgap, oňa-muňa ýalbaryp, ysgyn--mydardan gaçan Zerkäkil iň soňkuja güýçjagazlaryny jemläp, ýerinden turdy.
― Böri! Men saňa garaşaryn! Nikamyz gyýylmadygam bolsa, edil nikalyň ýaly garaşaryn! Gelniň bolmasamam, edil, gelniň deýin garaşaryn...
Eýýämhaçan gapa ýetiberen gollary bukawly, öňi-yzy goragly Gökböri yzyna gaňrylyp, zordan şu sözleri aýtmaga ýetişdi.
― Ýok! Garaşma! Men indi dolanyp gelmen!
― Gelseňem garaşaryn, gelmeseňem garaşaryn! Ölseňem garaşaryn, ölmeseňem garaşaryn! O dünýäde duşuşarys welin, duşuşarys!
Gökböriniň soňky sözleri daşardan eşidildi.
― Men senden razydyryn, Ejeş! Hoş, meniň Zerkäkilim!
Zerkäkil gapa tarap ylgajak boldy. Emma bolmady. Ýüregi dabanyna giden ýaly boldy-da, özüni oturgyja goýberdi.
Sudýa kätiplik edip oturan bir gelin ylgap gelip oňa goltgy berdi. Suw içirdi. Ýüzüni şemallatdy.
Oňa çenlem Zerkäkil başyny galdyrdy.
Şondan soň ol entegem bir zatlara güýmenip oturan sudýanyň ýanyna bardy.
Oňa gözi düşenden, sudýa zatlaryny ýygnaşdyrdy-da:
― Otur... ― diýip, gapdalyndan ýer görkezdi. Zerkäkil oturmady. Sudýa başyny ýaýkady. ― Sen jigim, bagyşla welin, resmi nika barada aýdýaňmy ýa köne, mollaly nika aýdýaňmy?
Gyzyň sesi zordan eşidildi.
― Tapawudy ýok.
― Tapawudy saňa bolmasa-da, bize bar, jigi... Seň onyň bu wagt aýagyny sallap barýan adam. Onsoňam, haksyz-hukuksyz, ähli mümkinçiliklerden mahrum edilen adam. Biz kada-kanuna boýun egýäs, ýöne, bozup bilemzok. Ýaňky ak geýimli ýokaryk şikaýat edip bu işi sökdürse, onuňam näme bilen gutarjagy belli däl. ― Sudýa aýalaryny ýaýdy. ― Mollaly nika hakda-ha gürrüňem ýok. Ol erkin gezip ýören adamlar üçinem gadagan ahyry. Ýa hökümediň diniň garşysyna göreşip ýörendiginden bihabarmy sen?
...Şol gün Zerkäkil şeýle bir ýadady welin, eger-de Aksoltan brigadir bilen urşup diýen ýaly, günortadan soň işini taşlap şähere gaýtmadyk bolsady, onda onuň ýeke özüniň köçede galyp köp-köp horluklar çekäýmegem ahmaldy.
Aksoltan şol gijäni gyzy bilen, köpden bäri şäherde oturýan, daşkyrak garyndaşlarynyňkyda geçirdi.
«Bendäm-bendäme sebäp» diýenleri. Zerkäkiliň telim wagt bäri edip ýören aladalaryny diňläp, öý eýesi, baryp-ha uruşdanam öňki tutha-tutluk döwründe, Külal bagşy ýaly hiç bir sebäpsiz ýere on ýyl ýatyp gelen Handurdy aga şeý diýdi.
― Sudýa dogry aýdypdyr, gyzym. Jenaýatkär hasap edilýän adam bilen hiç kim seni o jaýlaryň içinde nikalaşdyrmaz... Kim şeýtdirse, onda onuň özüni basarlar. Ýöne, men saňa bir zat aýdaýyn. Gözüm gören zadymy salgy bereýin. Bu yhlasyňa görä sen şony başararsyň.
Häliden bäri ejesiniň dyzyny ýaplanyp oturan Zerkäkil dikeldi. Dodajyklaryny çommaldyp ysgynsyz seslendi.
― Aýdyň, Handurdy aga, men indi şol maksadyma ýetmek üçin ölüme, o dünýä gitmelem bolsa kaýyl ― diýdi.
― Onda diňle... ― diýip, ýaşuly söze başlady. ― Sen indi şondan barjak ýerine baryp, hat ýazýança garaş. Adresini bil. Bu ýerden basylyp gideni bilenem hemmesiniň barýan, bolýan ýeri bir däl. Tertip-düzgünem, şertem deň däl. «Zona» diýýä, «krytyý» diýip, olaryň hemmesi türme. Ýöne «lägir» diýibem bir zatlar-a bar...
Aksoltan durup bilmedi.
― Haýsy ganymat soň olaryň?
― Hemmesiniňem ýüzüne kesindi degsin, jan ýegençi şolaň. Ýöne, iň ýamany, «katyrga» ekeni welin, ýöne onam söwet hökümeti gelensoň aýrypdyrlar! Ana, şondan Hudaý saklasyn.
― Sen haýsynda bolduň, onsoň şolaryň?
― Ana, menem şony aýtjak bolýan-da. Meň bolan ýerim «lägir», Sibir tarapda. Umuman-a şolaň hemmesem şo tarapda. «SLON» diýýäler olara. Ýöne, bölek-bölek. Diýjek bolýanym, şol ýerde, töwerek-daşda obaçylyklar bardy. Oba bilen baryş-gelişem bardy. Obanyň ýaşaýjylaryndan gelip, lagerde işleýänlerem bardy. Egerde şol obadan bir dul aýal tapsaň, şonuň bilen ýaşaşmagam, hatda ýazlyşmagam bolýady. Düşegi ýumşasa, möhleti gutarandan soň şol ýerde galýanlaram bolýady. Maşgalasy, çaga-çugalary bilen ýa ýekebara äriniň yzyndan barýanlaram bolýady. Edil siziňki ýaly ýagdaýlara-da duş geldik. Barlyşmana ýetişmedik gelinlikler baryp nikalaşyp gaýdýardylar. Obadan kireýine jaý alyp, tä soňuna çenli ýaşaşýanlaram bolman duranokdy.
Zerkäkiliň göwresine gurp geldi. Daýandy. Dik oturyp öý eýesine birgiden sorag berdi. Hemmesine-de göwnejaý jogap alandan soň edil göwün maksadyna ýeten dek begendi. Şeýle aňsat ýol barka bu ýerde telim adama ýalbaryp ýören ekendigine gynandy.
...Zerkäkil Gökbörini ýene bir gezek görmek tamakinçiligi bilen ertesem kazyýete gitdi. Ýöne, oňa Gökböriniň baryp-ha düýn agşam Aşgabada urgadylandygyna, ejir çekenleriň şikaýat etmek möhletleri tamam bolýança, şol ýerde saklanyp, ondan soň Orsyýete göteriljekdigini aýtdylar. Heläk bolup Aşgabada gidip ýörmezligi, baryp ýerleşen ýerinden habar gelýänçä garaşmaklygy maslahat berdiler.
Garaşmaklygyň hupbatly günleri başlandy. (dowamy bar)
Juma Hudaýguly
-
Xyivenia
3 years ago
- Garashyan :)
Kanmi entek?
11.07.2021 23:09
-
Bibish
3 years ago
- joraaaa yzynada garashyan basymrak goyaweri
-
Bibish
3 years ago
- joraaaa yzynada garashyan basymrak goyaweri
-
LadaKalina.
3 years ago
- suwagt 6ny dyndym, okamda powestin gahrymanlary gozumun ônune gelipdur
ozumi Gokbori yaly duyyan, sagbol yzyna garasyan
-
IMMKN
3 years ago
- Гыв жора, гоявери ызыны, поездде окап баряндырын
-
LadaKalina.
3 years ago
- indi mana Zerkakil gerek)))). 23:45
-
IMMKN
3 years ago
- 🤣🤣🤣🤣
-
IMMKN
3 years ago
- Мана повестин довамы герек 21:57(Москва вагты билен)
-
IMMKN
3 years ago
- Мана повестин довамы герек 21:57(Москва вагты билен)
-
Korolewa
3 years ago
- Minnetdar saytdashlar:)
-
Korolewa
3 years ago
- Xyivenia, howwa kan, sho oylandyryp dur viraz
-
Korolewa
3 years ago
- *biraz
-
Korolewa
3 years ago
- IMMKN, jora poyezdda nira baryan)? Sag aman bar
-
Korolewa
3 years ago
- Ladakalina, )))
Minnetdar!
Korolewa 3 years ago- Kim bilýär näçinji gezekdir, suduň başlygyna ýüz tutanda ol adam ýadawrak ekenimi ýa içgiliräk ekenimi: «Aý, jijim, öldürdiň--le how meni halys, «nika-nika» diýip, näçe gün bäri. Aýtdym-a men saňa suduň näm bilen gutarýanyny bir bileli...» diýip. Şunça garaşan bolsaň ýene-de iki gün garaşaý-da, ärsiz!..» diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy.
― Men bu ýere är küýsäp gelemok! Meni siziň ony atjagyňyzam ýa öňüme düşürip goýberjegiňizem gyzyklandyranok. Ýekeje gezek, ýekeje ýerde, ýekeje adamyň ýanynda «şony boşadyň» ýa «günäsini geçiň» diýip, haýyş eden bolsam aýdyň. Men hemme zada kaýyl. Ýöne, ýekeje islegim ba, o-da: şony öldürseňizem, ýüz ýyldan soň geler ýaly etseňizem, men şoňa şonuň nikaly maşgalasy hökmünde garaşjak ― diýip, Zerkäkil gaty gygyrmasa-da, şeýle bir ýürekden syzdyryp aýtdy welin, suduň başlygy ýerinden turup geldi-de, onuň özünde baş egdi.
― Bagyşla, gyzym. Sen gaty mert maşgala. Men elimden gelenini etjek bolaýyn. Ýol gözläýin. Onuň-munuň bilen gürleşip göreýin... ― diýdi. ― Indi bolsa git-de birigüne çenli dynjyňy al. Sen ýadadyň...
* * *
Günäkärlenýäniň tarapyndan suda hiç kim gatnaşmady. Kakasynyň ýogalanyny Gökbörä aýtmadylar. Ikisem ýaranok diýdiler. Zerkäkili bolsa hiç hili resminamanyň ýoklygy zerarly onuň garyndaşy hasap etmediler. Zerkäkiliň özem özüniň Gökböri bilen nikalaşmagyna rugsat berilmeginden başga hiç hili haýyşy orta atmady.
Ejir çeken tarapdanam hiç kim gatnaşmady diýen ýaly. Çerkeziň aýaly gelmelidi, o-da çagalary bilen ber-başagaý boldumy ýa onam iki ölüm halys lagşatdymy gelip bilmedi. Kully aga-ha şo-ol, Hallygözeliň gapysyny alyp otyr, çagasy bolmanka özüni heläkläýmesin, diýen gorky bilen.
Ýöne, başga raýonlaryň birinden geldimi ýa oblastdanmy, merkezden bolsa-da ahmal, şu çaka çenli ony bu jelegaýlarda-ha gören ýok, «men şolaryň daýylarydyryn» diýip, daýaw, geýnüwli, emgenip işlemeýändigi possuk ýaly ýüzündenem bildirip duran elli bäş ýaşlaryndaky, şol wagtyň nysagy boýunça ak ýüpek kitelli, etegi giň, ak şlýapaly, ýakasy nagyşly, «tulkuldap» duran, ak ukrain köýnekli, arasyndan çal zolak geçen gyzylymtyl, goňur galstukly, giň, çal jalbarly, melemtil, ýokarsy deşik-deşik «zark» köwüşli bir pyýada hemmelerden soň gelip oturdy.
Gökbörini zala getirenlerinde Zerkäkil ellerini serip oňa tarap topuldy. Emma goragçylar ony sakladylar. Ýerinde oturtdylar. Şeýle hereketlerini gaýtalasa ýa birugsat geplese, goh etse zaldan çykarjakdyklaryny aýtdylar.
...Umuman, sud öňli-soňly üç güne çekdi. Garalawçy günäkäre ölüm jezasynyň berilmegini, atuwa höküm edilmegini sorady.