Owal başda çirki dünýä
Saz bilen allady meni;
Owadan geline meňzäp,
Näz bilen allady meni.
Gapyl bolup, gaýnap daşdyk,
Şeýtanyň şerine gaçdyk,
Köp oýunly söwda duşduk,
Baz bilen allady meni.
Peýda diýdiler zyýany,
Görkezip altyn kiýany,
Ýek eken soňy-paýany,
Söz bilen allady meni.
Dünýä uly gyza meňzäp,
Görkezdiler ony bezäp,
Rahat bermän, saldy azap,
Ýüz bilen allady meni.
Dünýä owal özün öwdi,
Tutaý diýsem, ýüzün sowdy,
Ýurtdan aýryp, Hywa kowdy,
Duz bilen allady meni.
Bu mekana gonan göçdi,
Niçe çyra ýanyp öçdi,
Sansyz ýyllar gelip geçdi,
Ýaz bilen allady meni.
Zelili, çekdik jebrini,
Görmedik oňat döwrüni,
Ýat eýletdirip Gürgeni,
Boz bilen allady meni.
Реалист01 3 years ago- 👍👍