Napoleon Bonopart

Ýörüýşleri bilen tutuş Ýewropany sarsdyran, taryha müdümilik giren şahsyýetler sanaýmaly serekerdelerden ybaratdyr. Şol serkerdeleriň biri hem Napoleon Bonopartdyr. Ol 1804-1814-nji ýyllar aralygynda tutuş Ýewropany häkimýetine birikdirýär.
Napoleon Bonopart 1769-njy ýylyň 15-nji awgustynda Fransiýadaky Korsika adasynda eneden dogulýar. Kakasyna Karl Bonopart, ejesine Letizia Romalino diýipdirler...
1796-njy ýylda Žosefina de Beauharnaise öýlenip 1810-njy ýyla çenli ýaşaşýar. 1810-njy ýylda Marie Louise öýlenýär. Ogly bolýar adyna Napoleon II dakypdyr.
Soňunda bolsa planlarynyň başa barmandygy üçin sürgüne ýollanýar we 1821-nji ýylda 51 ýaşynyň içinde Britaniýa korollygyndaky Saint Helena diýilýän ýerdäki Longwood şäherinde dünýeden ötýär. Fransiýanyň häzirki paýtagty Parižde ''Les Inwalides'' diýilýän ýerde jaýlanýar.
Fransiýanyň içerki söweşlerini basyp ýatyrmak üçin elinde baryny eden Napoleon Bonopart serkerdelikden imperatorlyga ýetýär.
Ilki fransuz harby goşunynda topçy serkerdeligine bellenýär soň Korsikadan sürgün edilýär. Iki ýyldan soň döwleti ýykgynçylardan halas etmek üçin Parižiň töwereklerindäki gozgalaňçylary top okuna tutup Fransiýanyň çökmeginiň öňüni alýar.
Feodalizmi düýp-teýkary bilen ýok edýär. Heniz 26 ýaşyndaka Italiýa ýörüşine gatnaşýar we serkerdelige bellenýär. Ýaş serkerde 1796-njy ýyllarda öýlenen Napoleon Bonopart ilkinji Koalisiýa güýçleriniň üstüne ýörüşe çykýar.
Bu ýörüýşinde gazanan üstünlikleri netijesinde tutuş Ýewropa meşhur bolýar. Italiýa ýörüýşinden soň 1798-nji ýylda Osmanly döwletiniň welaýaty bolan Müsüre harby ýörüýşe ugraýar.
Şol ýörüýşlerde Osmanly Memluk beglerinden ýeňiş gazanyp Müsüri az wagtlyk eýeledi.
Şol wagtlarda Napoleon Bonopart Müsüre üns berýärdi we piramidalar bilen gyzyklanýardy. Müsürden yzyna Fransiýa tarap dolanan N. Bonoparte Fransiýada Konsullyk häkimýetini gurýar.
N. Bonopart Fransiýadaky syýasy häkimýeti berkedip Angliýa korollygy bilen birleşip Amiens şertnamasyna gol çekip 1802-nji ýylda fransuz söweşlerini tamamlady. Soňra 1804-nji ýylda fransuz senaty tarapyndan ''Fransuz Imperatory'' hökmünde yglan edildi.
Yklymara häkimýetini giňeltmek arzuwlaryna gaplanan N. Bonopart Pireneý ýarymadasyny basyp alýar we 1808-nji ýylda jigsi Jozepp Bonoparty Ispaniýa karoly diýip yglan edýär. Ispaniýalylar we Portugallar Angliýa Karollygynyň gatnaşmagynda häkimýetde gozgalaň turuzmaga ýüz urýarlar.
Bu ýarymadadaky söweş''Ispaniýanyň Garaşsyzlygy ugrundaky söweş'' ady bilen alty ýyla çekýär.
Söweş fransuzlaryň ýeňilmegi netijesinde soňlanýar. 1808-nji ýylda Awstriýada fransuzlara garşy aýratyn gozgalaň turýar. Awstriýalylary Wagram söweşinde ýeňen Napoleon Fransiýa garşy aýaga galan bäşinji Koalisýany weýran edýär.
Bäşinji Koalisýa söweşini basyp ýatyran Şkönbrun şertnamasynyň (1809) yz ýany birinji aýalyndan aýrylyşýar. Franz II gyzy awstriýaly şagyzy Marie Luisena öýlenýär /1810/.
 Napoleon Rim imperiýasyndan soň syýasy birleşdirmegi esasynda Ýewropada 1811-nji ýyldan soň 70 milliondan gowrak halkyň häkimi bolýar.
Şertnamalar we garyndaşlyk gatnaşyklary gurup strategiýany gorag astyna alýar. Fransiýada täze aristokratik synpyny
Polşa milletçiliginiň yza galaklygyny we Ýewropa Yklymynyň ekonomik ýetmezçiligini göz öňüne tutup 1812-nji ýylda Russiýa tarap ýörüşe çykdy we bu ýörüşler fransuzlaryň uly ýeňilgiçlikleri bilen şowsuz tamamlandy.
1813-nji ýylyň başlarynda Russiýa we Prussiýa Fransiýa garşy güýçlerini birleşdirýär we şol ýylyň soňraklarynda Altynjy Koalisýona Awstriýa hem goşulýar. 1813-nji ýylyň Oktýabrynda Leipzig söweşinde ýeňlişe sezewar boldy.
Soýuzdaşlar 1814-nji ýylda Fransiýa bir gezek ýörüş edip Pariži ele saldylar we 1814-nji ýylyň aprelinde Napaleonyň tagtdan agdarmak üçin elinde baryny etdiler. Imperator Elba adasyna sürgün edilýär.
Bourbon dinastiýasy täzeden dikeldildi we fransuzlar eýelän ýerleriniň birnäçesini häkimýetinden ýitirdiler. Napaleon 1815-nji ýylda Elba adasyna gaçyp fransuz hökümetiniň ýene başyna geçmegi başaran hem bolsa täzeden koalisýon güýçleriniň arasynda galdy.
Ahyryn hem Waterloo söweşinde agyr ýeňlişe sezewar boldy. Angliýa boýun bolan Napoleon uzak ýerlere, ýagny Saint Helena adasyna türmä atyldy.
Şol ýerde-de 51 ýaşynda 1821-nji ýylda aşgazanyndaky çiş sebäpli dünýeden ötdi. Jesedi ýakyldy we onuň ölümi Ýewropany matama gurşap aldy. 1840-njy ýylyň 15-nji dekabrynda milliona golaý adamlaryň gatnaşmagynda jesediniň külleri Pariže getirildi we Les Inwalidesda topraga berildi.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir