Mähriban kyblam Mälikguly BERDIMUHAMEDOWYŇ
ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn.
Aýlaryň soltany — ol Remezanda
Tamam boldy durmuş ýoly atamyň.
Gözellik jem bolup beýik ynsanda,
Şan-şöhratly geçdi saly atamyň.
Päkizedi Hak-Huda dergähinde,
Ýalkym bardy gahrymanlyk ruhunda,
Orunly bolmakdy Hak uçmahynda
Isleg-arzuw hem hyýaly atamyň.
Hemmäni çagyryp edermenlige,
Halkyny başyna edindi jyga,
Ol doga beýikdi, dogady, doga,
Nusgalykdyr päk ykbaly atamyň.
Ruhubelentligi bolup ýokary,
Ýeňip geçdi ähli kynçylyklary,
Açykdy ýüregi, nurludy seri,
Bilýär ony gözel ili atamyň.
Mätäje uzatdy kömek goluny,
Mukaddeslik saýdy ene dilini,
Il içinde alkyş boldy alany,
Ýollary alkyşdan doly atamyň.
Ýagşy işler gül ömürden ýadygär,
Beýik ynsan asyr saýyn adygýar,
Ynsan mertebesin barha artdyrýar
Göreldesi hem mysaly atamyň.
Ýurdumyza rowaçlyklar ýar bolsun,
Bagy-bossan bolsun, gülgüzar bolsun,
Älem-jahan dursun, Watan bar bolsun,
Arzuwlap ýaşaýşy ýaly atamyň.
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
ATAMYŇ
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Pegas, uchburch hat atly goshgyda size iki sany sorag beripdim, barlap beray.
13:03
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Jogabynyzy okadym, minnetdar agam!
13:07
Ahmedik_97 3 years ago- Ýurdumyza rowaçlyklar ýar bolsun,
Bagy-bossan bolsun, gülgüzar bolsun,
Älem-jahan dursun, Watan bar bolsun,
Arzuwlap ýaşaýşy ýaly atamyň.
Goshgy onat goshgy eken. Hasam shu bendini haladym+++
Malikguly atamyzyn yatan yeri yagty, jayy Jennetden bolsun! Amin!
21.06.2021, 12:56