Şol ýylyñ şol güni,o gitdi,
Bägülleriñ anbary dek ysy bilen.
O gitdi,garap galdym yzy bilen,
O gitdi, gyşy bilen ýazy bilen.
Dünýäniñ iñ gözel gözleri gitdi,
Älemiñ iñ şirin sözleri gitdi.
Beterleşýär ruhumdaky ýaralar,
Ruhumyñ ýarasy kalbyma ýetdi.
Şu ýylyñ,şu güni ,şu ýerde gördüm,
Her tarapda bägülleriñ ysy bar.
Elinden tutup dur oguljugynyñ,
Gujagynda gurjak ýaly gyzy bar.
Guwandym bagtyna hasratym bitdi,
Gözlerime bakdy we ýene gitdi.
Arslan Töräýew 2021 ý
O gitdi
-
Black Wolf
3 years ago
- Oziniz bilen tanys edayseniz
-
vento
3 years ago
- Salam. Aý tanar ýaly adam dälle. Ýöne 2011-15 nji ýyllar aralygynda şu saýdy gaýnatýadyk. :) Ol wagtlar adam juda köpdi.
-
vento
3 years ago
- Şu wagt birden ýadyma düşdide girip göräýdim. Henizem şo durşuna dur eken saýt.:-)
-
vento
3 years ago
- Ol wagtlar goşgy ýazan bolýadyk. Pikir alyşýadyk özara. Indi wagtyñ geçmegi bilen galyp gitdi hemmesi.
Black Wolf 3 years ago- Vento salam kone agza ekeniniz gosgy erbet dal