“Aglama, ýürek, aglama”
Italmaz Akmyradow

Duşar entek kötel ýollar,
Aglama, ýürek, aglama!
Uzajak bo:r uzyn gollar,
Aglama, ýürek, aglama!

Her tüýslüdir ynsan içi,
Gözüňe ilerden kiçi
Bir teňňelik adam üçin
Aglama, ýürek, aglama!

“Görnüşine göräsi” ýok,
Aýdyşy deý ýöräsi ýok,
Durmuşdyr bu, büräsi ýok,
Aglama, ýürek, aglama!

Beýgelen ýok egin basyp,
Ejizleme ýüzüň asyp,
Dünýäden umydyň kesip,
Aglama, ýürek, aglama!


Gülnabat HURŞIDOWA

Edebiýat, Pegas tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir