AKRAP ÝYLDYZY

◾Akraplaryň Astrologiýadaky orny


Astrologiýa nämekä diýýänlere gysgaça düşündiriş:
Astrologiýa planeta we ýyldyzlaryň adamzada ýetirýän täsiri we täleýi hakyndaky ylym diýip jogaplap bileris. Adamzadyň ýazgyly taryhynyň başlangyjyndan bäri bar bolan astrologiýa, ylymlaryň gadymylarynyň biridir.
Dünýäde adamzadyň dünýä akyl ýetirip başlan wagtlaryndan bäri peýda getiriji zatlaryň biri hem astrologiýadyr.
Astrologiýa täleý däldir, her bir zat adamyň öz elindedir. Astrologiýa döwürleri anyklaýar, pursatly wagtlary, peýda getirjek zatlary, doguluş kalendaryňyzda umumy aňlatmalary m, kynçylyklary, gijä çekjek zatlary düşündirip görkezýär. Soňlugy bilen nähili hereket etjekdigiňiz, nämeler edip biljekdigiň, özüňize degişlidir.
Astrologiýa adamzadyň asmandan gelen, injek apatlaryny kontrolynda saklamaga akyl ýetirjek bolşy ýaly orta çykan, häzirki döwürde kän bir ylmy peýdasy bolmaýandygyna ynanylan ''Ylymdyr''.
Astrologiýa un düzgüni alamatlar bilen akyl ýetirmekden ybaratdyr. Beýleki birnäçe ylymlar bilen baglanyşygy bolan Astrologiýa un kömegi bilen dogulyş kalendarynyň ýorumy bilen adamyň kişiligi, durmuşy, üsti açylmadyk potonsiýallaryny, endiklerini, fiziki meselelerini aňsatlyk bilen bilse bolýar.
Gadymy çeşmelere daýanýan ''Astrologiýa ýazgylary'' özümizi tanamagyňyza, dost-ýarlaryňyzyň, söýgüli jübütleriňiziň häsiýetlerini aňsatlyk bilen öwrenmekligiňize peýdasy deger. Şeýle-de öz ýaramaz endikleriňizden saplanyp, öz-özüňizi hem terbiýeläp bilersiňiz.
◾Astrologiýanyň burçy
Astrologiýada on iki sany burç bardyr.
Burçlar siziň harakterleriňizi, iş durmuşyňyzy, kariýeraňyzy, nähili zatlar edilende şähdiňiziň açyljakdygyny, şansly sanlaryňyzy, hat-da saglygyňyz hakynda size uly kömek eder. Aşakdan öz ýyldyzyňyzy tapyp burçlaryň aýratynlyklaryna aňsatlyk bilen seredip bilersiňiz.
◾Ýyldyz planetalar
Aşakdaky günüň we beýleki planetalaryň hemmesiniň gündelik durmuşymyza we astrologiýada aýratyn orny bardyr. Aýratynam tutuş planetalar, Gün äleminiň planetalary beýleki burçlardan öwrüm edenlerinde şolara täsirini ýetirýär. Aşakdaky astrologiýa bilen baglanyşykly hemme planetalar parantez içinde dolandyrýan burç bilen birlikde berilendir. Olardan astrologiýanyň dolandyryjy planetalary hakynda maglumat alyp bilersiňiz.

Gün /Eset, Ýolbars, Şir/
Merkuriý /Ekizler; Gyz /Sünbüle/
Mars /Akrap/
Saturn /Hamala, Owlak/
Neptun /Balyk/
Aý /Leňňeç, Seretan/
Wenera /Öküz sowur/
Ýupiter /Kowus, Eli ok-ýaýly Ataýak/
Uran /Gowa, baga küýzeli suw berýän kişi/
Pluton /Akrap/

◾Mars planetasy - Akrap ýyldyzynda...

Mars, gadymy Rimlileriň söweş taňrysy bolupdyr. Gadymy astrologlar bu planetanyň erbetlik getiriji, öýke-kinäni getirýändigi hakda düşünjeleri bolupdyr. Häzirki döwrümiziň astrologlary Marsyň ýyldyzlar kartasynda hereketlenip energiýa derejesini ýetirýändigini kabul edýärler. Mars erkege kybapdaş planeta bolup, özi hüjüm ediji, güýçli başarnykly, ýürekli, her bir zadyň hötdesinden gelip bilýän, alawly aýratynlyklary bardyr. Her dürli garşylygy, sagdyn liderlik üstünliklerini görkezýär. Hemme kesgir gurallary, ýaraglary, ýakyp-ýandyrýan otlary hakda pikir edip hyýalyna getirerler.
Mars wujudyňda jynsy gatnaşyklary, jynsy organlary we böwrek üsti organlaryny dolandyrýar. Mars gowulyk gapylaryny açan wagty aýaga galmagyňyza we öňe gitmegiňize kömek eder. Mars energiýalarynyň köpelen wagty gahary ýarmaga we ýalňyzlyk günlerini başyňa getirmäge sebäp bolup bilýär.
Mars Zodiagyň töweregindäki hereketini iki ýylda tamamlaýar we her burçda ortaça alty hepdeläp durýär. Yzda galan pursatlary bolsa şol bir burçda 7-8 aýlap durýar. Astrologiýada Mars Jedi burçunyň dolandyryjysydyr. Şol bir wagtyň özünde-de Akrap burçunyň hem ikinji dolandyryjysydyr.

◾Pluton planetasy Akrap ýyldyzynda

Mifologiýa görä ýerasty Taňrysy diýlip hasaplanylýan Pluton gizlin zatlary, ölüm we ölümden soňky durmuşy açmaga dyrjaşmaga täsirini ýetirer. Täzeden dogulmagyň, gaýdyp gelmegiň, başlangyç we soňlugyň planetasydyr. Pluton psihologik tarapdan bilmek duýmak ýaly ukyplary artdyrmaga täsir edýär. Pluton planetasy bulardan başga-da görnüşleri we hereketleri, öwrenilen zatlary, ýaşaýyş we ölüm hakyndaky hobbileriň täsirlerini hem ýetirýär.
Ýyldyz kartasynda ýerini üýtgeden wagty her dürli kynçylygyň hötdesinden gelmegi başarar. Plutonyň ýyldyz kartasyndaky ýeri gizlinlikleriň nähili ölçegde amala aşjakdygy görkezýär. Onuň kartadaky orny täzeçe agyp-dönmesi bilen açyklap bolar
Pluton gizlin galan, bilinmeýän, saklangy zatlaryň hem dolandyryjysydyr. Astrologiýal hökmünde Pluton Akrap burçunyň dolandyryjysydyr. Pluton 246 ýylda aýlawyny tamamlaýar we her bir burçda 32 ýyllap galýar.

◾Akrap ýyldyzynyň ýüzleý häsiýetnamasy

Dolandyryjy planeta: Pluton, Mars.
Elementi: Suw.
Şans getirýän san: 2,4.
Gün: Çarşenbe.
Ugur getirýän daşy: Topaz daş.
Reňki: Goýy gyrmyzy, şerap.
Torot karty: Ölüm.
Haýwany: Akrap we beýleki ýerasty mör-möjekler.
Gymmatly daşy: Turkuaz. Ýylandaş.
Peýdaly taraplary: Syrdaşdyrlar. Duýgularyny belli edenoklar. Hakyky dost, güýçli.
Jynsy symboly: işeňňir, kararly, unutmaz, syzgyr, aňry ýany bilen duýýar, düşünjeli, üns beriji.
Uly analiz güýjine eýe, söýýär, puşman edýär.
Ýaramsyz häsiýetleri: Gysganç, ynanjaň, ulumsy, dymma, içýan ýaly zäherini duýdansyz durkaň pürker, şermende, ýüz öwüriji.
Akrap ýyldyzlar topary: Akrap ýyldyzlar toparynyň üstünde üç tarapyny gurşap alan Zodiagyň daşynda Ophiuch - Ýylançy, onuň ýanynda Gerkules we Kerber - Jähennemiň üç kelleli iti bar. Bularyň hemmesiniň astynda Akrap ýyldyzy topary ýerleşýär. Gerkules ýyldyzynyň agalygyndaky iň parlak ýyldyz Ras el Gethidir.
Akrap burçunda dogulan erkekler arzuwçyl, duýguçyl we duýgurlygy bilen ünsi çekýär. Şähdi açyk ýaly görünse-de gussaly ýagdaýlary bar. Durmuşynyň zowky-sapasyna çenden aşa üns beregendir. Aýratynam dürli-dümen naharlara we işdäaçarlara, alkogolly içgilere we durmuşyň hözürine ýykgyn edegendirler.
Akrap burçunda dogulan erkekler herkese we her bir zada şübheli gözleri bilen seredegen bolýarlar. Hiç kime aňsat-aňsat ynanmaz. Çünki maddy düşünje bilen gazanylan güýjüň ynamdardygyna düşünýärler.
Öz erkine dörediji bolan akrap burçunda dogulanlar tankyt edilmekden göwni hoş bolanok. Özüniň tankyt edilmegini halamazlar. Açyk sözli we ynamdardyrlar. Dostlaryna örän uly üns berer, kömek etmäge taýýar. Olar üçin janyny pida etmäge taýyn.
Akrap burçunda dogulan erkekleriň dikanlap bakyşlary örän täsir edijidir. Gözleri bilen garşydaşyna duýgularyny we düşünjelerini aňsatlyk bilen düşündirip bilerler. Daş-töweregindäki adamlaryň kimdigine degişli bütin maglumatlary bilýär we öz pikirlerini aýdýarlar. Derňemekde ökdedirler.
Ýan-ýoldaş gazanan wagtlarynda ony aşa gabanarlar. Söýýän ýan-ýoldaşyna ynam etmäge çalyşar. Ýagny öz syrlaryny onuň bilen paýlaşmalymy ýa dälmi, muňa aňsatlyk bilen göz ýetirerler. Durmuş gurmaga gezek gelende arzuwçyl we ýan-ýoldaşynyň bütin isleglerini ýerine ýetirmek üçin elinden gelenini gaýgyrmaýan jepakeş adamlardyr. Akrap burçunda dogulanlaryň gowy ýan-ýoldaşdygyna basym göz ýetirerler.
Akrap burçunda dogulan zenanlar azymly we akylly, duýgurlygy, kuwwatly häsiýetleri bilen ünsi çekmegi başarýarlar. Göwnüňe hoş ýakýan gowy häsiýetleri bardyr. Alçak göwünli we ýumşak görünse-de şeýle bir merdemsi zenanlardyr.
Gabanjaňlyk, gysgançlyk Akrap burçunda dogulan gyzlaryň täleýinde bar ýalydyr. Özünden üstün, ökdeleri hemişe gysganyp gezýärler. Dostlary oň üçin örän wajypdyr. Hemişe daş-töwereginde birnäçe dostlary bardyr. Ýalandan ýigrenen bolar. Köpçülikde ýalan sözlenendigini bilse ol ýerden gitmek bilen bolarlar. Akrap ýyldyzynda dogulan gyzlar dürs we düşbidirler. Dogumlydyrlar we tutan zadyny goparýança hemme zat etmäge taýyn bolarlar. Başarnyksyzlygy hiç bir şekilde kabul etmezler. Erbet häsiýetleri hem: şübhe edýärler. Her kese erbet şübheleri bilen ýakynlaşýar. Aňsat-aňsat garşydaşyna ynanmaz. Her näçe akyly bilen hereket etse-de içinde artykmaçlygy bilen duýgulary bardyr.
Akrap burçunda dogulan gyzlar ýagtylygy we edilen erbetlikleri hiç haçan unudanoklar. Ar-alyş duýgulary gaty güýçlidir. Daş-töweregindäki erbet niýetli adamlara garşy laljim bolup oturyp bilmezler. Olara iň bolmanda zäherini pürküp goýbererler.
Durmuş guran wagtlary ýan-ýoldaşyna söýgi we hormat bildirmegi başararlar. Erkek akraplary ýaly gyz akraplar hem ýan-ýoldaşyny şeýle bir gabanarlar we olara eýe bolarlar welin olary aýyrmaga hiç kimiň gurbaty çatmaz.
Akrap zenanlar adamsyny bagtly etmek üçin elinden gelen hemme zady ederler.
Akrap burçundaky zenan ýürek berip söýen erkegi bilen ömür boýy şadyýan, bagtly ömri başdan geçirerler. Durmuş guranlarynda hemme zada jogap bermäge eýe bolarlar. Durmuş guranda aňsat-aňsat çaga islemez, ýöne çagalaryna gowy eje bolup bilmegi başarýandyrlar.
Häsiýetleri: Zodiakdaky sekizinji burç Akrapdyr. Olar ýaşaýyşyň we ölümiň syrlaryny çözmekde we adamlaryň duýgularyna akyl ýetirmekde, dolandyrmakda bilesigelijidirler. Akraplar ýaşaýyşyň we ölümiň syrlaryna ýetip bilmeselerem, ömrüniň bir bölegini syrly zatlaryň anygyna ýetmek bilen meşgullanarlar. Fiziki we ruhy düşünjeleri ynanyp bolmajak zatlaryň arasynda ynam bildirerler. Bu düşünjelerini bolsa beýleki adamlara ýetirmäni başararlar. Ýüzugruna aňsatlyk bilen dolandyryp bilýär. Kontrolda saklap bilşi ýaly, akraplar aslynda kuwwatly we dominant harakterlidir. Akraplar bu zatlaryň hemmesini nädip başarýar? Her bir zadyň aslyna we anygyna ýetip...
Her näçe skromny gorünselerde akraplaryň saklaýan, açyklamak islemeýän, özüne degişli bir gizlin syry bardyr. Öz üstünde kontrol edilmegine we manipulýar edilmekden göwünleri suw içmez. Şeýle ýagdaýda, ýagny öz üstünden emir ýöredilýändigini biläýseler muňa güýçli garşylyk görkezerler. Modern astrologiýada Pluton tarapyndan dolandyrylyp, ylmy doktrinada dolandyryjysy ot bolup, energiýa we söweşjeň planetasy bolsa Marsdyr. Ýönekeý ýagdaýlarda Akraplar hüjüm etmäni halanoklar. Degmedige degenoklar. Ýöne gahary sabyr käsesinden dolup daşansoň saklap bilmersiňiz. Ömrüniň bütin pursatlarynda güýç-kuwwatly bolup gezseler-de özüniň esasy söýgüsini, mähir-muhabbetini beýlekileriň duýmagyny islärler. Ýitirmekden gorkýan Akraplar, ýalňyşyny düzetjek bolup kynçylyklary ýeňjek bolup dim-dik durarlar.
Jynsy gatnaşyklarda: Akrap daşyndan düşünişmesi kyn bolsa-da özleri gaty duýguçyldyrlar. Duýguçyllykda aktiw bolşy ýaly, jynsy gatnaşyklar dünýäsiniň hem gapylaryny rahatlykda açyp bilýändirler. Her bir zadyň ýagdaýyna düşünýän Akraplar söýýän adamlary bilen islendik zadyny paýlaşýarlar. Olaryň her bir gerek zatlaryny bilmek islärler. Jynsy gatnaşygy her wagty başdan geçirip biler.
Elementi suw bolandygy üçin hyýaly dünýäsi iň soňky derejededir.
Fantaziýalaryny partnýorlary bilen örän arkaýynlykda paýlaşýarlar. Afrodizýaklary ulanyp, hiç kimiň kellesine gelmejek zatlary dörederler.
Pul we baýlyk: Arzuwlaryna ýetýänçä kynçylyklara döz gelmäni başarýan Akrap burçunda dogulanlar, aslynda gowy zatlary söýýärler. Gowy öýe, döwrebap bolmasa-da ýönekeý bir maşyna, gowy geýinmek hem oňa mahsus bolan zatlaryň biridir. Ýöne Akraplar hiç wagt özüni görkezjek bolup alada galmazlar. Moda kowalaşyp ýa-da hiç ýere aýak ätjek bolmazlar. Beren pullarynyň hasabyna pribl edinmegi isleýärler. Satyn alan zady her näçe gymmat bolsa bolsun, esasy zat şol alan zadyna güýçli ynam edip alýandyrlar. Köplenç oýlanyşykly pul sarp edýän Akraplar maliýe portretini çyzýarlar. Öňünden her bir zady planlaýarlar. Şeýlelikde pullaryny köpeltmek üçin her dürli ätiýaçlyklary ýola goýýarlar.


/dowamy bar/

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy

@Jeksparro

Bilim, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir