Oglumyn bu sozlerinden son, ozume erk edip bilman, ony bagryma basardym-da, sessiz,aglardym.
Bir muddet seyle yasadyk. Oglum indi ulalypdy. Wagtal-wagtal onun bilen birlikde ejesinin guburyna zyyarata giderdik. Sonda ol ozuni uly adamlar yaly alyp barardy. Eglip, ejesinin mazaryny oper, sonra-da ellerini dosune goyup, oylara cumup, gozlerini bir nokada dikip, dymyp durardy. Onun bu haly meni naderejede alada goyyan bolsa, sonca-da ruhlandyrardy.
...Gunlerde bir gun, is yerimi uytgedenligim sebapli, etrapdan Bakuwa gocmeli bolduk. Bakuwa gocmek habaryna oglum begenen-de bolsa, biraz oya batyp:
-Kaka, hemiselik gidyasmi, ejem name?-diyip sorady.
-Darykma, oglum, wagtal-wagtal gelip, enemizden habar alyp durarys-diydim.
Bu sozlerim ony kosesdirmedi, basyny asak salyp, pikire gitdi. Onun alada edyandigini duydum. Onson onun gownuni gotermek ucin:
-Oglum, sana aydypdym ahyry, ejen ruhy hemise yanymyzdadyr. Nira gitsek, o-da bizin bilen bile gider-diydim.
Bu sozlerden son oglumyn yuzi acyldy, yanyma gelip, boynumdan gujaklady. Menem onun saclaryny bulasdyryp, aydan sozlerimden ozumin hem gownum hos bolan yaly:
-Hä diý, nirde bolsak, ruhy gelip, bizi tapar...-diydim.
Oglum agsam Bakuwdaky taze oyumizin salgysyny sorady. Menem jikme-jikligi bilen salgyny ona aytdym. Irden nahardan sonra oglum bilen öwlűýä-enemizin guburyna zyyarata gitdik. Ataly-ogul mazaryn das-toweregine esewam etdik, ot-copleri yoluşdyrup, arassaladyk, sonra ayat-doga okadyk.
Guburdan birneme ara acanymyzdan son, oglumyn jübüsinden bir kagyz bölejigini çykaryp, mazar dasynyn on tarapyndaky kicijek oyutjaga goýanyny gordum. Gyzyklanyp, gorjek boldum welin, ol mana:
-Gideli, kaka, seretme, zerur däl!-diyip, elimden tutup, bir gyra cekdi.
Öýe gelenimden soňra-da bilesigelijiligim meni öz erkime goýmady. Oglumyň ejesiniň guburynda goyan kagyz boleginiň nämedigini sähel salymlyk hem ynjalyk bermedi. Bilesigelijiligim seyle bir guycludi welin, ahyry ogluma goşlaryny tayyarlamagy tabsyryp, ozumin dostlarym bilen hoşlaşyp geljekdigimi aytdym. Maksadym kagyzdaky yazgyny okamakdy.
Bir ulaga mündüm-de, öwlüýa bardym. Oglumyň goyan kagyzyny aldym-da, acdym, hat eken, ejesine yazypdyr. "Mähriban ejem, biz Bakuwa göçýäris. Täze öý aldyk. Bilyan, bize dözman, yzymyzdan bararsyň. Ýöne ol uly şäherdir, bizi tapman, azaşarsyň öýdüp gorkýan. Şonuň üçinem täze jaýymyzyň salgysyny ýazýaryn:"Baku şäheri, M.Müşfik köçesi, jaý-30, öý-49. Eje, gurbanyň bolaýyn, ine, seret, şu salga gelginiň!...".
...Oglumyň ejesine ýazan hatyny okanymdan soňra duran ýerimde doňup galdym. Birhili sessiz-sedasyz aňalyp durdum. Soňra birsellem oýlandym-da, elimi jübime sokup, galam çykardym we biygtyýar halda oglumyň ýazan salgysynyň aşagynda iki söz goşdum:"6-njy...".
Kagyzy epläp ýerinde goýdum we gözüm ýaşly halda ol ýerden uzaklaşdym.
Awtor: Meýhoş Abdullah.
3.06.2021 22:56

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir