Sen gitdiň.
Şo pursat boşady ruhum,
Hemme zat manysyn ýitirdi birden,
Şatlygym galmady,bagtym galmady
Şol pursat bar zady uçurdy serden.

Daglaram peseldi baglaram bile,
Şemalym sowlup duşumdan ötdi.
Boşap galdym misli gaşsyz diwala,
Okan kitaplarymyň manysy ýitdi...

Awtory: G.Orunowa.

Edebiýat, LUKMAN_GYZ tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir