şeýle hem Orta Gündogaryň beýleki regionlaryndaky adamlaryň gündelik durmuşynyň içinden eriş-argaç bolup geçip, olaryň barlygynyň özenini emele getirýär. Bu diniň dünýäniň agalyk ediji dürli güýçleri tarapyndan geosyýasy maksatlar üçin ulanylmagynyň hem sebäbi şol. Ony XIX asyrda we XX asyryň başlarynda Britan imperiýasy ulandy. Soň hem Amerikanyň Bileşen Ştatlary. XVIII asyrda yslamyň özenine o diýen düşünmeýän wagyzçy Abdel Wahab peýda boldy. Arap ýarymadasynyň bisowat sähralylary onuň taglymatyna ýykgyn etdiler. Aradan salym geçmän, Britan imperiýasy munuň regionda türkleriň täsirine garşy ulanmaga peýdaly guraldygyna göz ýetirdi. Täze taglymat iňlisleriň sessiz-üýnsüz güýçli goldamgy bilen tutuş arap ýarymadasyna ýaýrap, iň soňunda hem ýurdy döwrebap patyşalyga birikdiren Saud maşgalasy tarapyndan kabul edildi. Bu maşgala iňlisleriň goldawyny gazandyran şu aýgytly karar boldy. Britanlaryň eden uly ýalňyşlygy wahabizmi osmanly türklere garşy möhüm ýarag diýip düşünenligidir. Dogrudanam, 1932-nji ýylda Saud patyşalygy gurlaly bäri wahabizm bu döwletiň resmi taglymaty bolsa-da, ony daşary ýurtlara ýaýratmak barada edilen tagalla köp bolmady.
Saud Arabystan wahabizmiň howpuny duýup başlady
-
Laplandiya
14 years ago
- cheshme azatlyk radio dan alyndy
-
Cwetocek
14 years ago
- Minnetdar! Laplandiya
-
DoJiGat
14 years ago
- oran gowy taryhy maglumatlaram bar minnetdar sizden ...solaryn il icinde lagyrdap otyrmagyny ya bolmasa bolar bolmaz yerde akyl satmagynada mena garsy...
-
Mumin
14 years ago
- sag bol laplandiya beren maglumatyna. bashgada bahabizm barada bilyan maglumatlarynyzy yazmagynyzy hayysh edyarin.
-
Mumin
14 years ago
- onsonam yene bir bellap gechjek zadym, bizin halkymyzda, dini owrenip, yslamyn shertlerini yerine yetiryan yash oglan gyzlarymyzada bunun bir ujy gelip yetyar we zararyny beryar. Wahabistlar bizin yurdumyzda-da bardyr, ona garshy chykyp biljek dal. yone gynansakda 5 wagt namaz okap, agyz bekleyan yashlarymyzada wahabist diyen ynsanlara dush gelyan. Olar wahabizmin namediginede doly bir dushunibem baranoklar. Gozel dinimizin nurundan birazda bolsa bu ynsanlaryn yureklerine salmagyny beyik biribardan dileg edyaris.
-
Laplandiya
14 years ago
- hawa,yone shu wahabistler ahli zady musulmanlarynka menzesh,bir zat diysen kuranda eyle beyle diyishen bolushup,yone tkm halkymyzam,namaz okasan ol yalnysh o hereketi etman diysen,wahabist diyiship durlar,shu hereketlerine mena dushunemok..adamlara yalnyshyny aytsanam yigreniji gorunyan
-
Mumin
14 years ago
- Laplandiya dogry aydyan. Kurany olar ozleriche ullanyarlar, a halkda bolsa kuran biliminin yoklugy sebapli dogrudyr oydyarler. kurany dogry durs bilyan ynsanyn yanyna wahabist gelip agzyny achmanada gorkar. halkymyzynam name sheytmek bilen ozleri jogapkarchilikden chekilyandir oydyandirlerda, Allajan hemme halkymyza rehmet eylesin.
shu dashary yurtlarda taze musulmanchylygy kabul eden insanlar bilen garshylashmak miyesser etdi manada. olary gorup ozume musulmanam diyyan diyip sheyle bir utandym. Biz ozumize musulman diyyasde hich bir sertini yerine yetiremzok. olar namaz okamaklyk , agyz beklemeklik,zekat bermeklik,kurany okamaklyk we ş.m. bilende chaklenenoklarda, arapchany owrenip kuranyn asyl dilinde dushuneslerinin gelyandiklerini anladyarlar we owrenyardiler.
-
Cwetocek
14 years ago
- Dogry aytyan laplandiya hacanda uzyn yenli koynek geysenem wahabi diyip gulyaler mena gaharym gelya solara muna gulmegin geregi yokmyka diyip pikir etyan.
-
Batyr1986
14 years ago
- her kim ozune seretsin dini parzlaryny yerine yetiryami yetirenokmy.wahabizminem aydyan zatlaryny injilden okap aydanok.dinimizde hemmamiz ylalasyp bileris.wahabizm planizm diyancak hemme musulmanlar biriksin diyip goreselin.biz planylar diyip wagt yitiryancak kapyrlar butin musulmanlary ayagynyn asagyna aldy.
-
DoJiGat
14 years ago
- men sol diyilyanler cynmy dogrymy sol wahabistmi bilemok yone...eger solar so bolsa olaryn dini dusundirisi duybinden yalnys.sebabi men olarda goren in erbet goren hasiyetlerim.1.Yuzune sen o dunyadaki ykbalyny aytya sen kapyr sen olsen goni dowzah diyip bilya. ony diyyanin ozu seyle bolya sebabi adama beydim O uly ykbalyny cozmek dine Allaha mahsustur.ol eyyam shirk bolya...2.adama bolan dini owretmekde dini owretmekde adama bolan yakynlasmasy seyle godek.herhili adam bara dunyade.garsysyndakyny tananok kimdigini cagamy ulymy kicimi icyami cekyami gidyami...? hic yone hiiic belli dal...O adama gora yakasmany bilenoklar godek seyle mena sol hasiyeti halamadym.name musulman blyanlara zulumlyk bilen etdirilenoga hazirki dowurdakilere...!mesayylyk bilen owretmeli...amalyn bilen gorkezmeli sozun yorese goni diymeli...tanamasan tanamaly cay suw icip gormeli...sen O adamynyn owazy nirden gecse senem hen bermeli ya soz gosmaly.men esitdim hatda solaryn bir ikisini gordumem bir dostuny duzeltjek bolup gijeki kluplara cenli gidenler...in barkisi garynjan ustunden bir pil gum atan yalyda hany duya sep bildirmezem...gowlyk bolsun herna...dogry yoldan hic kimem ayyrmasynlar...
Laplandiya 14 years ago- Iňlisleriň eden ýalňyşy gaýtalandy
Ýöne 1979-njy ýylda Sowet Soýuzy Owganystana çozup girensoň, ýagdaý üýtgedi. Käbir aňtaw gulluklary iňlisleriň eden ýalňyşyny gaýtalap, ekstremizme öz şol döwürki geosyýasy ganymlarynyň täsirine garşy derman diýip garadylar. Ýöne olar bu dermanyň derdiň özünden ýamandygyna düşünmediler. Sowetlere duşman aňtaw gulluklarynyň halkara wahabizminiň soňra özlerine garşy gönükjekdigine göz ýetirip bilmediler.
Olar bu taglymatyň millionlarça musulmana ýaýradylmagyna goşant goşmagyň ýalňyşdygyna 1998-nji ýylda Amerikan ilçihanasy Naýrobide bombalanansoň hem-de 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndan soň düşünip galdylar.
Şazada Abdullah Owganystandaky talibana režimine gidýän pullary kesdi. Ol 2001-nji ýylda olary ýeňmekde Birleşen Ştatlara goldaw berdi. Şol bir wagtyň özünde-de içki reformalara başlady. Aýallara okuwly-bilimli bolmaga ýol açdy. Geň tarapy britan agentleriniň kömegi bilen wahabizm ýurda ornaly bäri aýallara beýle mümkinçilik ýokdy.
1995-nji ýyldan 2001-nji ýyla çenli talibanlary goldap gelen Saud Arabystany Abdullah patyşanyň ýolbaşçylygynda prezident Hamid Karzaýy goldamagy wada etdi.
Hristian we beýleki dini doganlary ýaly kesekiniň pikirine o diýen çydamly bolmadyk musulmanlaryň sany 1,5 milliondan ýokary. Ýöne ýasama suratda ösdürilen wahabi taglymaty aram köplüge gürlemäge ýol berenok. Ýöne indi Saud Arabystanynyň patyşasy Abdullah wahabizmiň betbagtçylygyndan çekilip, yslamyň altyn asyryna tarap barýar.