Ene barada ýüzlerçe-müňlerçe rowaýatlar bar. Adam ogly kemakyl bolsa-da bilýär: dünýäde eneden beýik keramat ýok. Emma, barybir, ol dana rowaýatlary bilen eneleriň hormatyny beýgeltjek bolýar. Gadym zamanda bir aşyk-magşuk bolupdyr. Magşuk gyz öz aşygynyň söýgüsiniň nä derejededigini anyklap görmek üçin: — Meni söýýäniň çyn bolsa, git-de, eneň gursagyny ýaryp, ýüregini getirip ber! — diýenmiş. Akyl-huşdan jyda aşyk, enesiniň gursagyny ýaryp, gürsüldäp duran ganly ýüregi eline alyp, hasanaklap gyzyň öýüne tarap ylganmyş, emma ýolda ýatan daşa büdüräp ýykylýar. Şonda onuň golundaky ene ýüregi: — Wah, balam, bir ýeriňi agyrdaýan-a dälsiň-dä? — diýip zarynlanmyş!
Ene ýüregi barada rowaýat
-
enayja
14 years ago
- ruhnama.. intagem tm'da ruhnama sapaklary dowam edyarmi?
-
Cwetocek
14 years ago
- Aglasa enem aglar,galany yalan aglar.
-
Alem
14 years ago
- Ursada enem eli ursun.
-
Cwetocek
14 years ago
- Ene-mukaddesdir! Edil shonun yaly ene hakdaky gurrun hem mukaddesdir!
DoJiGat 14 years ago- diysen ajap rowayat nace esitsemem yene gowy rowaya oran sapa beriji ...?!