: atasy ýogalandan soň, ýalňyz gyzy Törebeg hanym tagta çykýar. Törebeg hanym owadan hem tekepbir gyz eken. Köp ýerlerden sawçylar gelipdir, ýöne Törebeg hanymyň hiç bir ýigide, şazada göwni ýetmändir. Onuň owadanlygy hakdaky gürrüňler men-men diýen ýigitleri heýjana salypdyr. Elinden dür dökülýän bir ussa ýigit Törebeg hanyma aşyk bolupdyr. Ol Törebeg hanymyň gözelligini wasp edip, özüniň aşyklygyny, ýanyp-köýýändigini beýan edip, ençeme goşgy-gazal döredipdir. Seýit atly ol aşyk ýigidiň goşgy-gazallary Törebeg hanymyň hoşuna gelipdir. Ýöne tekepbir gyz syr bermändir. Törebeg hanym Seýitden näme hünäriniň bardygyny sorapdyr. Seýit özüniň ussadygyny, ajaýyp-ajaýyp binalary gurýandygyny aýdypdyr. Törebeg hanym Seýide söýgüsiniň nyşany hökmünde şäherde owadan bir ymarat gurmagy tabşyrypdyr. Soňundanam, eger ymarata göwni ýetse, oňa durmuşa çykmaga razy boljakdygyny, eger-de ymaraty halamasa, onda ony öldürjekdigini aýdypdyr. Seýit şerte razy bolup, ymarat gurmaga girişipdir. Seýit sünnäläp-sünnäläp, entek bu jelegaýlarda görülmedik ajaýyp bir ymarat gurupdyr. Görenler ymaratyň owadanlygyna haýran galypdyrlar. Sähel wagtyň içinde bu owadan ymaratyň at-owazasy jümle-jahana ýaýrapdyr. Törebeg hanym kenizekleri, wezir-wekilleri bilen ymaraty görmäge barypdyr. Ymarat şa gyzyň göwnünden turupdyr. Şonuň üçinem, bu ymaraty özüne köşk edinipdir. Şa gyz: — Sen şundan owadan edibem gurup bilermiň? — diýip sorapdyr. — Gur diýseň, guraryn — diýip, Seýit jogap beripdir. — Meniň üçin ýörite aramgäh gur. Meniň üçin guran aramgähiň göwnümden tursa, men saňa durmuşa çykaryn. Ussa ýigit Törebeg hanymyň sözlerine ganatlanyp, gurluşyga başlapdyr. Seýit yhlasyny, başarnygyny, söýgüsini aramgähe siňdiripdir. Netijede hem ýene bir ajaýyp ymarat bina bolupdyr. Törebeg hanym bir sähetli gün ýene öz kenizlerini, wezir-wekillerini yzyna düşürip, aramgähe syn etmäge barypdyr. Ymarat öňküdenem ajaýyp bolupdyr. Görenler haýrana galyp, ussa ýigidiň waspyny ýetirip, kän-kän alkyşlar aýdypdyrlar. Törebeg hanym hem aramgähi halapdyr. Ol ussany ýanyna çagyryp, şeýle diýipdir. — Gowy ymarat gurupsyň. Sözüm ýok, seniň eliň hünärine göwnüm ýetdi. Ýöne sen indi maňa öz söýgiňi hem subut edip görkez! — Söýgimi görkezmek üçin men näme etmeli? — Guran şu ymaratyň depesinden özüňi aşak okla! Törebeg hanymyň bu sözüne onuň ýanynda duranlar haýygypdyr. Duranlar ýerli-ýerden: «Hanym, munyňyz gabahat bolýar. Heý-de, beýle ýowuzlyk bolarmy? Oňa haýpyňyz gelsin! Durmuşa çykmak islemeseňiz, goý, ol öz ýoluna gitsin!» diýipdirler. Şa gyz gözlerini alardyp, ýanyndakylara bir seredipdir welin, ähli kişi hyrçyny dişläp, başyny aşak salypdyr. Aşyk ýigit gulagynyň eşidýän sözlerine ynanmaýan ýaly, şa gyza çiňerilip-çiňerilip seredipdir. Gulagynyň eşidýän sözlerine onuň teý ynanasy gelmändir. Syrly ýylgyryş, näz-kerişme bilen gyz ýigide aramgähiň depesini görkezipdir, näzik gollary bilen ussanyň ýokaryk çykmaly ýerini görkezýär. Ussa ýigit yza şa gyza bakypdyr. Gyzyň ýylgyryp, bakyp durmagy ýigidiň ýüregini elendiripdir. Owadan gözler, näzik beden ussa ýigidiň söýgüsini hasam möwjedipdir. Wysala gowuşmak üçin ähli süteme kaýyl aşyk ölüm hakda birjik-de pikir etmän, söýýän ýarynyň islegini bitirmek niýeti bilen ýokaryk çykmaga başlapdyr. Ine, binaň depesi. Hana, aşakda Seýidiň gijeler ýatman küýsän gözel gyzy, özem şa gyz özüne seredip dur. Söýgüsine gowuşmak islän ýigit özüni aşak oklapdyr. Çalajan ýigidi öýlerine äkidipdirler. Ýöne abat süňki, synasy galmadyk ýigit jan beräýmändir. Ol söýýän gyzynyň iň soňky şertini hem bitirdi ahyryn. Seýit intizarlyk bilen gyza garaşypdyr. Şäheriň kethudalary jemlenişip, Törebeg hanymyň ýanyna barypdyrlar: «Sen ol ýigide özüňi bagyş edýändigiňi aýtmasaň, o görgüli hiç wagtam bu dünýäden gidip bilmez, ejir çeker ýatar» diýip, kethudalar şa gyza töwella edipdirler. Şa gyz bu töwellany her näçe ýokuş görse-de, kabul edipdir, ussa ýigidiň ýanyna baryp, birki oýnam hoş söz aýdypdyr, durmuşa çykmaga razylyk beripdir. Aşyk ussa Törebeg hanymyň hoş sözlerine rahatlanypdyr, ejirli ýüzüne röwşen çaýylypdyr. Soňam jan beripdir.

Köneler, arapreyhan tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir