Husyt kişi we rysky açylan garyp oglan barada rowaýat.. Günlerde bir gün ýagşyzadalaryň birine: «Pylan köçede pylany atly bir husyt kişi bardyr, şonuň mülküne bar, hikmet bar» diýilýär. Ýagşyzada iňrik garalyberende, şol husydyň howlusyna barýar, gapyny kakýar. Husyt kişi: — Kimsiň? — diýip soraýar. — Taňry myhmany borun, myhman alaýsaňyz diýip geldim — diýip, ýagşyzada aýdýar. — Taňry myhmany bolsaň köp ýagşy, pylan köçede Taňrynyň metjidi bardyr, sen, ana, şol ýere bar, niçe gün, niçe aý myhman bolsaňam Taňry kowasy ýok — diýip, husyt gapysyny hem açmandyr. Ýagşyzada yzyna dolanýar, görse, husydyň mülküniň içinde bir tamdyr bar, tamdyryň ykyşynda hem bir kişi körükden köz çekip, çoýunyp otyrmyş. Ýagşyzada şonuň ýanyna barýar, ol kişi ýagşyzadany tanamaýar, emma taňry salamyny berip: — Geç, myhman bol — diýýär. — Bu ýerde näme işläp otyrsyň? — Ertir men kazynyň dergähine barmaly, ýatara ýerim, iýere zadym ýok, görsem, ýaňy çöregi çykarylan gor ýaly tamdyr. Ynha, çörek ysyny alyp göwnüm dokundy, tamdyryň goruna göwräm ýylyndy. Bular körükden köz çykaryp gijäni geçirýärler. Ertesi ýagşyzada ol kişi bilen kaza barýar. Kazy ýaňky garybyň işine seredip, ölüm jezasyny berýär. Kazy garyba: — Şu gün öýlän öldürerler, soňky haýyşyň bolsa aýt — diýýär. — Adam ogluna müňkürligim ýok, ýöne Turan şa adyl şa diýýärler, eger ol adyl şa bolsa, şäheriň pylan ýerinde köne mülkümiz bolmaly, şonuň harabaçylygynda özüme gabyr gazmaga hem şonda jaýlamaga rugsat bersin — diýipdir. Bu habary patyşa aýdýarlar. Adyl Turan şa rugsat berip: — Munuň bir hikmeti bardyr, gabyr gazyp duran çagy öz gözüm bilen hem görüp gaýdaýyn, entek beýle haýyş bilen ýüz tutan jenaýatkär hem bolmandy — diýip atyna atlanyp, şol harabalyga barýar. Görse, jenaýatkär kişi köne mülkleriniň bir burçunda gabyr gazyp dur. Hemmeler ör turup, baş egip, patyşa salam berýärler, gulluk aýdýarlar. Jenaýatkär patyşa bilen elleşip görüşýär, patyşa-da ölüme barýan adamdyr-da diýip, göwün-garyn etmeýär. Patyşa: — Men kazynyň çykaran permany bilen tanyşdym. Seniň garşyňa üç şaýat durýar, seniň bolsa şaýadyň ýok — diýýär. — Patyşam, meniň iki şaýadym bardy, ýaňy duýmadyňyzmy? — Duýdum, ýöne ol şaýatlaryňy kazy kabul etmez-dä! Hamana, bussur-ýassyrlykda üsti açylyp barýan ýaly kazy: — Onuň hiç hili şaýady ýok ahyry — diýip gygyrýar. Şol barmana gabyr gazyp duran jenaýatkäriň öňünden ullakan hum çykýar, ol humy emaý bilen çukurdan daşa çykarýar, ony açyp görseler, tylla-teňňelerden doly eken. Patyşa: — Ynha, munuňam şaýady üç boldy — diýipdir. Ýagşyzada: — Ýok, şahym, onuň dört şaýady bar, men hem onuň şaýady — diýýär. Kazy lowlap gyzyp: — Hany, ol niçik şaýat? — diýip soraýar. Patyşa: — Sen bu garyp bilen salamlaşanyňda görmediňmi, onuň aýalary pyşbaganyň arkasy ýaly gan-gabarçak, beýle azap çekýän adam ogurlyk etmez! Onuň iki şaýat diýýäni şol, kazym! — diýýär. Ýagşyzada: — Maňa Alladan perman boldy, «Pylan husydyň mülküne bar-da, ryskyňy aç» — diýip, emma ol husyt maňa gapysyny hem açman kowup goýberdi. Şonuň üçin hem husydyň däl-de, şol husydyň tamdyryna mährini ýyladyp oturan bu kişiniň rysgal-döwleti açyldy. Kazyda-da, patyşam, sende-de günä ýok, eger bu ölüm jezasyna höküm edilmedik bolsa, Alla munuň gursagyna köne mülkünde baky dünýä gitmegi ýüregine salmadyk bolsa, ata-babalaryndan galan halal baýlygy ýere siňip gitmelidi! Ynha, Allatagalanyň hikmeti bilen bu kişi halal malyna gowuşdy!
Rowaýat..
-
Gowja
14 years ago
- Arapreýhan.köpräk ýazypdur $ular ýaly gowja rowaýatlary köp-köp.arapreýhan sen gyzmy ýa oglan?
-
Gowja
14 years ago
- Arapreýhan.köpräk ýazypdur $ular ýaly gowja rowaýatlary köp-köp.arapreýhan sen gyzmy ýa oglan?
-
enayja
14 years ago
- Arapreyhan sagbol rowayatyng u.n..
-
Palwanjan
14 years ago
- Gowy rowayat yene bolsa yazayynda ,bunun ucun bolsa kop sag bol
-
menttalypp
14 years ago
- men rowayatynyzy haladym
-
menttalypp
14 years ago
- men taze girdim talyplar.com a gyzykly
-
Cwetocek
14 years ago
- Hos geldin mentalyp
-
DoJiGat
14 years ago
- baaa salam hemmanize!
-
nashyja
14 years ago
- senttalyp taze giren bolsan nalogyny tole
-
DoJiGat
14 years ago
- baaaaa arapreyhan minnetdar diysen gyzykly manyly edepli rowayat...
-
hayran
14 years ago
- çuň manyly, sag bol arap dost .
Cwetocek 14 years ago- Rowawatyn gowja eken minnetdar!