Gadymy türkmen eposy ("Türkmenistan" neşriýaty, Aşgabat 1990ý) Giriş (sah. 24,25) Eseriň başynda Gorkut atanyň aýdan sözlerinden käbir mysallar: ... Ölen adam dirilmez. Çykan jan yzyna gaýdyp gelmez. Bir ýigidiň Gara dagyň ýumrusyça maly bolsa, ýygar, düýrer, talap eýlär, emma nesibesinden artygyny iýip bilmez. Tekepbiri taňry söýmez. Göwnüni ulumsy tutan adamda döwlet bolmaz. Ýatdan ogul bolmaz, külden depe bolmaz. Ýapa-ýapa garlar ýagsa, ýaza galmaz. Ýapagly gök çemenler güýze galmaz. Köne pagta biz bolmaz. Garry duşman dost bolmaz. Gara güýje gyýmasaň, ýol alynmaz. Gara polat uz gylyjy çalmasaň, duşman dolanmaz. Malyna gözi gyýmadyk adamyň ady çykmaz. Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz. Ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz. Ogul atasynyň iki gözüniň biridir. Ogul döwletli çyksa, ojagyň közüdir. Ataň ölüp, mal galmasa, ogul nätsin! Başda döwlet bolmasa, ata malyndan ne peýda. Sizi bidöwletiň şerinden alla saklasyn. Ata namart ýigit münebilmez, onuň müneninden münmedigi ýegdir. Çalyp kesýän uz gylyjy muhannesleriň çalandan çalmadygy ýeg. Çala bilen ýigide ok bilen gylyçdan bir çomak ýeg. Myhman gelmeýän öýüň ýykylany ýeg. At iýmeýän ajy otlaryň biteninden bitmedigi ýeg. Adam içmeýän ajy suwlaryň syzanyndan syzmadygy ýeg. Ata-enäniň diýenini etmeýän, oňa hormat goýmaýan ogluň doganyndan dogmadygy ýeg. Ýalan söz diýeninden diýmäniň ýeg. Gerçekleriň üç otuz on ýaşyny doldurany ýeg. Üç otuz on ýaşyň dolsun, hak size ýamanlyk görkezmesin. Hawa, hanym, Däde Gorkut bir dahi sözlär. Göreliň, ol ne sözlär: Otluk ýeri keýik biler. Köküz* ýerler çemenlerin gulan biler. Iri-iri ýollar yzyn düýe biler. Ýedi dere ysyny tilki biler. Gije kerwen geçdigiň torgaý biler. Agyr ýük zähmin gatyr biler. Är näkesin, är jomardyn ozan** biler. Il-günde çalyp, aýdan ozan bolsun. Azyp gelen kazyny taňry sowsun. Hanym heý! Ozan aýdar: ... Öýüňe myhman gelende, gelen myhmany hezzetläp, seni ýoksuratmaýan aýal miýesser bolsun. Ertir bilen elin-ýüzün ýuwman, dokuz ýazmaç bilen bir könek ýogurdy dykyp, elin bykynyna diräp: "Şu öý gura! Äre çykalym bäri, doýa garnym doýmady, ýüzüm gülmedi, aýagym paşmak, ýüzüm ýaşmak görmedi. Şu bir ölse men hem başga birine barsam" diýýän aýal ýigitlere duşmasyn, gapyňyzdan gelmesin. Irden turup, el-ýüzüni ýuwmazdan, gapy-gapy aýlanyp, obanyň ol ujundan bu ujuna çenli gezip, gybat edip, gürrüň diňläp, öýläne çenli gezip, öýüne geler. Görse ogry köpek onuň zatlaryny iýip-içip, bir-birine gatandyr. Sygyrlar, towuklar öýüni agtar-düňder edendir, munuň üçin goňşularyna igener. Bardy-geldi öýüne myhman gelse, äri öýde bolup: "Tur iýer, içer ýaly zat getir" diýse, "Bu ýykylmyş çatmada hiç zat ýok, düýe degirmenden gelmedi, gelse-de, meniň suprama girsin" diýip, saçagyny kakar, diýseň, diýeniň bitmez, äriniň sözüne bakmaz. Bu zeýilli aýallardan alla sizi saklasyn...
Gorkut ata.
-
DoJiGat
14 years ago
- howa menem minnetdar dostumyzdan...
-
Ibo
14 years ago
- Arapreyhan. Sen maña Magtymgulyñ ejesi barada yazan go$gysyny hem ejesiniñ ady näme sony bilip bersene.
-
Alem
14 years ago
- Arapreyhan minnetdar kop sag bol!
-
arapreyhan
14 years ago
- salam misterx..
men jurnalist dal,arhitektor.
MisterX 14 years ago- Arapreyhan, sen jurnalist gerek, tuweleme dost, gowudan gowy makalalar tapyp hezil beryan, dowamly bolsun