ALAMAT I Çagajyksyň, ylgaýansyň at salyp, Arzuwlaň yzyndan eňip barýansyň. Günleriň bir güni geler hassalyk, Bir-de ýanyp barýansyň, Bir-de doňup barýansyň. Şonda dertli başyň sypasa ejeň, Ähli ýowuz derdiň güm bolýar eken! Ene eli — beýik em bolýar eken! Ýetginjeksiň, müň bir hyýal bar serde, Bir görseň, gökdesiň, bir görseň, ýerde. Bir gün dümewlärsiň, Duşarsyň derde, Lorsuldap ýarylyp barýandyr başyň. Gutularsyň şonda derläpjik içseň Garry eneň gyzyl burçly unaşyn. Ýaş ýigitsiň, kändir derdiň-aladaň, Gursagyňda apy-tupan turýandyr. Göräýmäge, içiň-daşyň abadan, Yşkyň tüweleýläp alyp barýandyr. Bir gün kesellärsiň, ýatarsyň, hatda Oýlanyp bilmersiň keseliň hakda. Ýöne ähli derdiň ýok bolup gider Nerkes gözli ýaryň ýylgyryp baksa!.. Jahyl çykyp, “ýüwürersiň, ýortarsyň”, Wagtyň-da bolmaýar kesellemäge. Bir agyr derdiňi işläp ýeňersiň, Bir derde diýersiň: — Seniňki näme?! Bir derdiňden derman içip gutuldyň, Bir dertden lukmana gaçyp gutuldyň. Ýene bir dert yza berse janyňa, Halas borsuň ondan hassahanada. Dünýäniň derdi kän, dermany-da kän, Otlar-çöpler, daglar-daşlar dermandyr. Akyl eýle, ynsan, Iň agyr derdi Birek-birek berýändir! ...Sylaň, sarpa goýuň birek-birege, Adam elindedir keramat-kerem, Adam dilindedir keramat-kerem. Ýagşy sözler Lukman hekime deňdir, Adam ogly bir-biregiň lukmany, Adam ogly bir-birege melhemdir! Söýüň, söýlüň, bir-birege em bolup. Ölini direltse Isa söz bilen, Hut ölümden halas ederis biz hem Eger söýsek, bir-biregi jem bolup...
BEYK SAPARMYRAT TURKMENBASHY.
-
DoJiGat
14 years ago
- DIYSEN GOWY GOSGY INTAK YENE KAN CYKAR HAKYKATY GOWY ZAT BELLI BOLAR....
-
enayja
14 years ago
- 'Iñ agyr derdi birek-birek beryändir' yaman haladym..sagja boluñ!
-
hayran
14 years ago
- dogry belläpsiň enayja. berekella arap dost.
-
Eva
14 years ago
- Salam, arapreyhan! Gowy goshgularyng we maglumatlaryng ucin sag bol!
-
Ford
14 years ago
- Berekella mana yarady
-
jumbo
14 years ago
- sagja bol, aramyzda neujeli biri yatlamazmyka diyip otyrdymda ya6ulyny!
-
jumbo
14 years ago
- EVA salam! senem barmyng barde, kimka diyme tany6 adam ikimiz!
Alem 14 years ago- Sagja bol arapreyhan yasula berekella!