Mollanepes türkmen edebiýatynda söýgi temasynda döreden şygyrlary hem-de “Zöhre-Tahyr” dessany bilen meşhurlyk gazanyp, “yşk mülküniň şasy” adyna eýe bolan şahyrdyr. Mollanepes 1810-njy ýylda Sarahs töwereginde dünýä inýär. Onuň kakasy Molla Kadyrberdi döwrüniň sowatly adamlaryndan biri bolupdyr. Mollanepes maşgalada sagdyn terbiýe alyp, oba mekdebini tamamlandan soň, Mary, Buhara medreselerinde okaýar. Şahyr aýaly Bossantäç bilen bagtly durmuşda ýaşaýar. Olaryň Muhammetrahym hem Resul atly iki ogly bolupdyr. Şahyr medrese bilimini alandan soň, oglanlara ylym-bilim öwredýär. Ol öz döwrüniň Kemine ýaly söz ussatlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. Mollanepes halkyň agyr ýagdaýyny gerdeninde çekip, onuň agysyna aglan şahyrdyr. Ol 1861-nji ýylda Eýran şasynyň Mara eden hüjümi wagtynda türkmen ýigitleri bilen bir hatarda watan goragyna çykýar. Şahyr bu söweşde türkmenleriň beýik ýeňşiniň aýdyň şaýady bolýar. Ýöne şol söweşleriň birinde alan ýarasyndan 1862-nji ýylda aradan çykýar.
Mollanepes (1810-1862)
-
arapreyhan
14 years ago
- Haýrana Galar
Bag içine ýar sallanyp girende,
Bilbiller saýramaz, haýrana galar,
Keşt edip, serçemen üzre ýörende,
Ganatdan aýrylar, perwana galar.
Aý nurdan aýrylar, gün gökden uçup,
Ýyldyzlar kararsyz çar tarap göçüp,
Saky meý getirer, erenler içip,
Olar ah çekerler, zamana galar.
Şalar ýatabilmez, arzuwda gezer,
Öli balyk görse, jan berer, ýüzer,
Goly bagly gullar zynjyryn üzer,
Söýlemez ýüz düşse, diwana galar.
Gülüp baksa, ol garrylar batlanyp,
Öten günler, ýigit çaglar ýatlanyp,
Gök otlar saralyp, daraht otlanyp,
Asman jünbüş eýläp, lerzana galar.
Nepes, tarypladyň ýaryň jemalyn
Ýel degip, göterdi ýüzde desmalyn,
Hak bermiş ozalda oňa ykbalyň,
Şalar görsem diýip, armana galar.
-
arapreyhan
14 years ago
- Ýar bir ýana, Biz bir ýana
Tiri-peýkamyn gizleýir,
Gaş bir ýana, göz bir ýana,
Dahanyn açyp sözleýir,
Dil bir ýana, söz bir ýana.
Hazan aýrylmaz gülümden,
Bir gazal ýazdym tilimden,
Ýaşylbaş uçdy kölümden,
Suw bir ýana, gaz bir ýana.
Söwdügim gözümden uçdy,
Baryp rakyplara düşdi,
Bir söý bile aýrylyşdy
Ýar bir ýana, biz bir ýana.
Bezenşip janym alarlar,
Görenler haýran galarlar,
Ýasaw edip sallanarlar,
Gelin bir ýana, gyz bir ýana.
Gulak goýuň üşbu zara,
Sözlesin Nepes biçäre,
Dildi bagrymy set para,
Tyg bir ýana, tir bir ýana.
-
hicret
14 years ago
- arapreyhanjan,salam.mollanepes gajar soweshinde yaralanyp 6-7 yyl yatyp,pygamber yasyndan 5 yyl son ayrylyar.yagny 1868de.konglum gosgusynda luw yilinda gidendir konglum diyip yazyar.
-
hicret
14 years ago
- bu in sonky maglumat.gerek zadyn bolsa sorap bilersin.men edebiyatcy
-
Gacgak
14 years ago
- Hicret dost tuweleme nirde okayan sen
goz degmesin HAZYNA
-
hicret
14 years ago
- tm da okayan
-
Myjy
14 years ago
- Tm da okaýan bolsañ ertir serdar ýolda görüsherisdä.
-
hicret
14 years ago
- yok myjyjan.s.y.gidilyan dowri gecdik
-
hasrat
14 years ago
- Sagbol arapreyhan...
-
MELISSA
14 years ago
- hicretjan. eger mollanepes konlum goshgusynda luw y.da gidendir konlum diyen bolsa ol name oljegini onunden bilip yazypdyrmy? luw yylynda konlunin gitjegini nirden bilyar
-
hicret
14 years ago
- melissajan,salam.sheyle soraga garashypdym
-
hasrat
14 years ago
- Hicret-oglan melissa bolsa gyz dämay, janly-manly erbet däl yagdaylarngyz... :)
arapreyhan 14 years ago- Mollanepesiň çowlugy Oguljahan ejeden ýazylyp alnan rowaýat-gürrüň:
“Babamyň (Mollanepesiň) alty aý oglan okadyp, alty aý kitap okamak, goşgy ýazmak bilen wagt geçireni hakynda kakam pahyr gürrüň edip bererdi. Olar üç kişi ekenler: biri babam, ikinjisi Aman diýen bir adam, üçünjisi hem molla Kemine bolan bolara çemeli. Olar bütin gijäni her hili kitaplar okamak, goşgy düzmek we ýomak atyşmak bilen geçirer ekenler”