Bu hakda Türkmenistanyň Prezidenti 2010-njy ýylyň 17-nji martynda Permana gol çekdi. Onda şeýle diýilýär: «Ýurdumyzyň oba hojalygy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň ulgamyny kämilleşdirmek hem-de oba hojalyk pudagyny ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmen oba hojalyk institutyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda Türkmen oba hojalyk institutynyň gurluşy tassyklanyldy we instituty 2010-njy ýylyň 1-nji iýunyndan işe girizmek bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşyp, Türkmen oba hojalyk institutynyň hünärler boýunça okuw meýilnamalaryny bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna tassyklamak üçin bermek, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Türkmen oba hojalyk institutyna talyplary kabul etmegi 2010-2011-nji okuw ýylyndan başlap amala aşyrmak we Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Perman boýunça kabul edilen Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.»

Köneler, Laplandiya tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir