Hormatly talyplar, siz bilen bir zady maslahatlaşmak isledim, näme üçin çeper eser ýazýan adamlarça biz bolup bilemzokmyşyn? Şolaň bizden nämesi artyk ýa biziň şolardan nämämiz kem? Menem şu soraga jogap tapmak üçin kän oýlandym, iň soňunda-da bizem şolar ýaly adam, şolaryň edenini bizem hökman edäýmeli diýdim-de özümçe "Öýlänçi" atly kiçijik göwrümli hekaýamy ýazdym. Indi sizem maňa maslahat beriň, men şony ilki size hödürlemekçi we siziň kömegiňiz bilen Türkmenistanda çap edilýän "Zenan kalby" žurnalyna ugratmakçy, sizden haýyş, gaýrat ediň-de, maslahat beriň, men size nähili ýol bilen şol 8 sahypadan ybarat bolan kiçijik hekaýamy ýetirip bilerin?
Talyplardan maslahat
-
kapriz
14 years ago
- Mekki!dogry aydyañ.sirkde aýylar velosiped surmäni ba$aranda,adam bolup biz hekaya yazyp basharamyzokmy.galamyñ ujy yiti bolsun.okaly hekayañy
-
Laplandiya
14 years ago
- mekanoraz sen barik boleklap yaz,son talyplar name pikirleri bolsa aydayarys..galamyn ujy yiti bolsun
-
MekanOraz
14 years ago
- Her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem bütin oba bolup pagta hasylyny ýygnamaga uly taýynlyk görüpdiler. Ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşla çenli ähli oba adamlary her kim öz güýjüniň ýetdiginden daýhan birleşige kömek bermekligi ýüreklerine berk düwüpdiler. Şeýle gyzgalaňly pagta döwri başlanmanka oba arçyny Kakadurdy aga öz sürüjisini ugradyp, Myratly aganyň ogly Meredi ýanyna çagyrmagy tabşyrdy. Edil ýyldyrym çaltlygynda gözden ýiten täzeje awtoulagy ýaňy-ýakynda daýhan birleşigiň öňdebaryjylygyny göz öňünde tutup, oba arçyny Kakadurdy agany Prezidentimiziň hut özi Mary welaýatyna iş saparyna gelende, ýanyna çagyryp sowgat edipdi. Şonuň bilen birlikde daýhan birleşikde ekinleri taýýarlamak we ýetişdirmek üçin gerekli bolan tehnikalary hem tiz wagtda satyn aljakdygyny hem-de ondan Kakadurdy aganyň ýolbaşçylygyndaky daýhan birleşigiň hem paýynyň bolkjakdygyny aýdyp, Prezidentimiz oba arçynyna uly-uly üstünlikler arzuw etdi.
Myratly aganyň maşgalasynda Sabyr ejäniň Meretden başga gözüni dikip oturany ýokdy. Myratly aga ýaşy bir çene baryp, halys işden çykypdy. Onuň uly ogly Merdan bolsa ýoluny ýitirenlerden diýilýänleridi. Merdanyň özüne galsa, onuň edepliligine, akyllylygyna, işeňňirligine, ýüreginiň arassalygyna taý gelýänler az-azdy. Ýöne onuň ýüregi ýukalygyndan peýdalanyp, obada özüni „Gadyr baý“ ady bilen tanadan bir husyt baý onuň ähli kellesini öz bähbidi üçin ulanyp, arasynda-da kelle agyryňa peýda bolar diýip haram neşeden çekdirip, o pahyryň işini gördi oturyberdi. Gül ýaly ýan ýoldaşy, maşgalasy bardy. Maşgalasy hem özüniň ýoldaşynyň beýle hala düşmeginiň näme sebäp bolanlygyna öý goşlaryny alyp, atasy öýünde ýaşap başlan gününden soň, ýaýran obanyň gybatçy aýallarynyň gybatyndan bilip galdy. Obanyň aýallary „Ýeriň aşagynda ýylan gäwşese-de bilýärmiş“ diýýänlerini göz öňünde tutup, Güljemala-da oba aýallarynyň gybatyna ynanmakdan başga alaç galmady. Güljemalyň ýüreginde hiç hili bir erbet niýet bolmandy, Merdany jany-teni bilen söýýärdi. Ýöne näme üçindir soňky döwür Merdan öýe gelmesini azaldyp, her gün bir ýerde boldum diýip bahana tapmasyny köpeltdi. Halys paltasy daşa degen Güljemal gelin gaýyn tarapynyň özünden nägile bolmazlyklaryny, eger-de Merdan düzelse ýene-de öz durmuşyny Merdana baglajakdygyny garaja gözlerinden syrygyp duran ajy damjalara ezilen ýaşmagynyň aşagyndan ýuwaşja gepledi. Myratly aga bilen Sabyr ejäniň başga çykalgasy ýokdy. Olar ýene-de özlerini Güljemal geliniň öňlerinde günäli hasaplap, „Rugsat Alladandyr, bar, balam, bizden bir nägile bolmagyn, biziň hem onuň ýaly işler bolar diýip ýatsak-tursak kellämize-de gelenokdy“ diýýän ýaly başlaryny atdylar. Sabyr eje azajygam bolsa giňemezmikäm diýip, öýde Myratly aganyň ýeke özüni goýup goňşylara ötägitdi.
* * *
Öýüň içinde dymyşlyk höküm sürýärdi. Ýöne bu dymyşlyk uzaga çekmedi, kakylan gapynyň tykyrdysy dymyşlygy bozdy.
- Myratly aga, salawmaleýkim! Sag-gurgun oturanmysyňyz?!
- Kadyrjan, waleýkimessalam! Gel, geç otur. Ýaman başagaý görünýäň-le, eýgilikmidir özi?!
- Eýgilik-le, Myratly aga. Oba arçyny Meredi ýanyna çagyrdy , özem daýhan birleşigiň pagta ýygnaýan maşynlaryndan birini Merede sürmäge berjek diýdi welin, şony aýdaýyn diýip geldim. Neme, men birneme gyssaglyrak, ýene-de yzyma dolanyp, oba geňeşligine barmaly.
- Gyssanyp galany alyp bolmaz, ogul. Gyssanman öz maýdalyňyz hereket edibiýrler. Meredem şu wagt kärende ýerimize aýlanyp geleýin, ýagdaýyny göreýin diýip gitdi. Indi geler wagtam-a golaýlandyr öz-ä.
- Myratly aga, onyňyzam-a dogry welin, iş iş bolaýýa-da. Biziň işlerimiz diňe bir öz bähbidimiz üçin däl-de, bütin obaň, halkyň, ýurduň bähbidi üçin gerek. Nesip bolsa hä diýmän pagta hasylyny ýygnap başlamaly, şonuň üçin Meret ýaly akylly-başly, eden işini soňuna çenli alyp barýan, mert oglanlar gerek. Men-ä ýöredim, Myratly aga. Merede-de eşitdirersiňiz-dä.
- Bolýar, Kadyr, sag bol, sag aman bar. Meret gelen badynajyk özüm ugradaryn, ondan arkaýyn boluň.
Sabyr eje öýe girip, elindäki gap-gaçlaryny ýerli-ýerine rejeläp goýdy-da:
- Aý-u kakasy, Kadyr keýpine geldimi, ýaman başagaý görünýä-le Awtoulagynam gaty ýokary tizlik bilen sürüp gitdi welin, eýgilikmidir özi?!
- Aý näme, öz-ä bir ýaş oglan, aýagynyň aşagynda-da suw ýaly maşyn. Ýaşlyk etdirýändir-dä. Zadyň gadyryny bilenoklar. Bilýän-le biziň döwrümizdäki ýaly awtoulagy bir gün sürseň üç gün ýaga bulaşmaly bolsa. Bularda näme, özlerinde ussahanasy bar, gerek ätiýaçlyk şaýlaryny döwlet tarapyndan berip durlar. Aý bolýa-da ýöne...
Sabyr eje zeýrenip oturan Myratly aganyň sözüni böldi.
Gyw, kakasy, sen Kadyryň näme üçin gelendigini aýtmadyň welin, ýa gizlinmidi ol.
- Ýok-la gizlin zat ýok. Meredi oba arçyny ýanyna çagyrypdyr, şony aýdaýyn diýip gelipdir.
- Waý, ýene-de Merdan jana bir zat bolaýdymyka, waý bagtym ýatdy-leý – diýip, Sabyr eje ýaşdan doly gözlerini eliniň tersi bilen syryp goýberdi. Myratly aga gahary geldimi, nämemi batlyrak ses bilen:
- Goýsana how sesiňi, aňyrsyna ýetmän möňňüriberýäň-laýt. Merede täze gelen traktorlardan pagta ýygym gutarýança birini sürmäge berjek bolýarmyş. Onsoňam ýene bir zat, ýene-de Merdan diýip, şoň adyny ýekeje gezek eşidäýsem, soň menden gaty görme.
- Näme, aryň köýüpdirmi onda. Gyr jynyň Merdan jan bolaýdy. Heý-de kakasy oglundan iripdir diýip eşidipmidiň?!
Sabyr ejäniň soňky sözleri Myratly aganyň bir hili endamyny tikenekledip goýberdi. Myratly aga diýmesin-ä diýdi welin, ýöne gahar kapyrdyr diýilýäni-dä. Ol gaharyna dilinden sypdyranyna soň ökündi.
* * *
Merediň Watan öňündäki harby gulluk borjuny ýerine ýetirip gelenligine kän wagt geçmändi. Ol harby bölümde geçirilýän her bir köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşyp, özüniň abraýyny ýokary serkerdeleriň öňünde has-da belende göteripdi. Şonuň üçin ýokary ýolbaşçylar tarapyndan Merede „Seržant“ harby çini dakylypdy. Harby gullugy tamamlamazyndan öň harby bölümiň serkerdesi Meredi ýanyna çagyrýandygy baradaky habary esger ýoldaşlarynyň biri Merede getirip gowşurdy. Meret uludan demini alyp, özüni dürsäp serkerdäniň iş otagyna tarap ýöneldi. Serkerde iş stoluny gorjalap oturşyna, nädip esgere ýagdaýy dogry düşündirmek barada pikirlenýärdi. Kakylan gapynyň sesine çalaja tisginen serkerde „Giriberiň “ diýdi.
- „Ýoldaş maýor, siziň buýrugyňyz boýunça seržant Gylyjow geldim“ diýip düzgün boýunça habar beren ýigidi serkerde ýerinden turup garşylap, oňa oturmaga ýer görkezdi we soňra ýuwaşjadan geplemäge durdy.
- Ýoldaş seržant, siz biziň harby bölümimizde gulluk eden döwrüňizde görkezen gulluklaryňyzy göz öňünde tutup, rota serkerdesi sizi harby bölümde Watana gulluk etmekligi dowam etdirmeklik maksady bilen, borçnamalaýyn harby gulluga işe almaklaryny teklip edip, ýokary serkerdelere ýüz tutmagym barada teklip berdiler. Biziň Watan goragyny güýçlendirmegimizde-de siz ýaly mert, gaýduwsyz, edermen ýigitleriň bolmaklygy zerur. Men bu teklibe diýseň begendim, ýöne men teklibi ýokary serkerdelere bermezimden ozal, siziň özüňiz bilen maslahatlaşaýaýyn diýdim. Siziňem pikiriňizi diňläýsek diýýäs. Meret uludan demini alyp, sözüne başlady:
- Ýoldaş maýor, Watana gulluk etmekden mukaddes belent borç ýokdur diýip ata-babalarymyz gaty ýerlikli belläp geçipdirler. Menem şu jümläni iki elim bilen goldaýaryn. Ýöne...
- Näme, ýöne diýdiň-de dymaýdyň-la, diňleýäs, näme ýüregiňde bolsa aýt. Soň giç bolar. Giç bolmasyn diýip şu wagt seni öz ýanyma çagyrdym. Näme päsgel berýän bolsa aýt, adama adam düşüner. Eger päsgel berýän ýagdaýlar bolsa düşündir, oňa görä hereket etmeli bolar-da.
- Ýoldaş maýor, neme, men edil şu diýen işiňizi çyn ýüregim bilen oňlaýan, ýöne meniň enem-atama seretjek adam ýok. Olar mensiz kösenerlermikä diýýän. Meniň aýagymdan çekýän esasy zat şol.
- Ýoldaş seržant, siziň maşgala ýagdaýlaryňyz bilen gyzyklananymda-da şol zatlar barada pikir etdim. Eger ýagdaýlar onuň ýaly bolsa, ýagdaýa görä hereket etmeli bolar-da – diýdi-de, sag eliniň aşagyndaky düwmejige basyp goýberdi. Gapy kakylyp, bir esger ýigit „Diňleýän, ýoldaş maýor“ diýip girdi. „Häzir derrew seržant Gylyjowyň resminamalaryny taýýarlap, ätiýaja ugratmak barada çäresini görüň, goý ol öz ene-atasynyň ýanyna sag-aman gowuşsyn. Ol onsuzam Watanymyz üçin az zat etmedi. Gylyjow, seniň edenleriňe bizden jogap bolsun diýip şu gün sizi ätiýaja boşatjak, resminamalaryňy taýýarlap bererler, bar, sag-aman bar, ýoluň ak bolsun. Ýoluny ýitirenlere kömek edip, olary dogry ýola getirmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Ýaşulylara-da salam aýt“ diýip ak pata berip serkerdäniň özi Meredi öýüne ugradypdy.
Meret maşynyň signalyny basyp, öýlerine gelende öýleriniň içi gum-guklukdy. Öýüň içine girende agasy Merdanam öýde ýokdy, gelnejesi Güljemalam ýokdy. Iki garry bolsa hersi bir tarapda bukulyp, gaýgyly halda otyrdy. Meret gapyny kakyp, „Essalawmaleýkimler“ diýenden soň Sabyr eje bilen Myratly aga ýaňy özüne gelen ýaly bolup, atylyp ýerlerinden turdylar-da, iki garry iki ýerden ogullaryny bagyrlaryna basyp başladylar. Meret agasy bilen gelnejesiniň nirededigini soranda, Merediň bir hili begençli ýüzi soldy. Oňa ähli zatlary bolşy-bolşy ýaly gürrüň berdiler. Şondan soň Meret oturyp „Asyl serkerdäniň ähli zatlardan habary bolmaly, şonuň üçindir-le maňa soňky aýdan sözleri“ diýip içini gepletdi-de, Merdany bu gordan nähili alyp çykmagyň aladasyny edip başlady. Meret şol alada edip oturşyna nädip gün batanyny hem duýmady, ol derrew harby gulluga gitmezinden öň wadalaşyp giden gyzy Senemiň ýanyna tarap ýöneldi. Ýolda aýdyma hiňlenip gelişine özüniň Senemiň ýanyna ýetenliginem unudypdy. Ol Senemiň gamgyn halda durşuny görüp derrew aýdymynyň sözlerini üýtgetmek bilen boldy.
„Ýa başga birine, läläm, seni söýýän diýdiňmi?
Sözüňde durjagyňa oňa wada berdiňmi?
-
MekanOraz
14 years ago
- Eger şeýle bolsa gyz, men azara galmaýyn,
Iki gül arasynda biten tiken bolmaýyn!“ diýip, Senemiň çat maňlaýyn geçip durdy. Senem bolsa gyz näz kereşmesi bilen „Näme, iki ýyl gulluga gitdi diýip, unudaýandyr öýtdüňmi?“ diýdi. Merediň bolsa Senemiň bu sözlerine göwni açyldy. Ýöne näme üçindir Senemiň öňküligi ýokdy. (Soňky üç aýyň dowamynda ondan hat barmasy hem kesilipdi). Meret bu zatlaryň sebäbini soranda Senem ýaşly gözleriniň ýaşyny süpürip, Merdanyň ýoluny ýitireninden soň ejesiniň Senem bilen Merediň toý tutmaklaryna garşy bolýandygyny aýtdy. Senemler bilen „Gadyr baýyň“ öýüniň arasynda sanaýmalyja jaý bardy. Ýöne Meret bu zatlar üçin näme üçindir birjik-de geňirgenmedi. Sebäbi ol bu zatlary durmuşyň kanuny hasaplaýardy. Eger Senemiň ýerine özi bolup, Merediň ýerine-de Senem bolan bolsa özüniň hem şeýle sözlerini aýtmaga mejbur boljakdygy barada oýlanyp, „Senem, gel ikimiz şeýle şertleşeli. Ilki bilen men Merdany nähili ýola getirmegiň düzgünleri barada öwreneýin, soň onuň bilen oturyp, ähli zady düşündireýin. Belki ol şondan soň aklyna aýlanar. Onsoň biziň söýgümize garşy çykmaga hiç kimde hiç hili bahana bolmaz! Soň biz bagtly maşgala gurup, göreldeli çagalary terbiýeläp ýetişdireris“ diýdi. Bu gürrüňlerden soň Senem Meret bilen bagtly durmuş gurana dönüp, guş bolup uçaýjak boldy. Ony guş bolup uçurýan zat Merediň mertlik bilen öz söýgüsine wepaly bolup, söýgülisine hem zelelsiz bolar ýaly bagtly durmuş gurmak barada aýdan sözleridi. Senem bilen Merediň duşuşygy uzaga çekmedi. Sebäbi Senem ejesine jorasy Merjenlere baryp geljekdigini, Merjen bilen bir möhüm çözmeli meselesiniň bardygyny aýdyp öýden daş çykypdy. Eger Senem gijä galsa ejesiniň bir zatlar aňmagyndan heder edip Senem öýe gitmekligi ilki teklip etdi. Senemiň ýagdaýyna düşünen Meredem Seneme garşy çykyp durmady.
* * *
Oba arçynynyň sürüjisi gözden ýitip giden badyna Meret tamyň ýeňse ýüzünden ardynjyrap öýe tarap ýöredi. Myratly aga ýagdaýlary bolşy-bolşy ýaly edip düşündirip, ony derrew oba arçynynyň ýanyna ugratdy. Meret oba arçynynyň iş otagyna golaýlady-da üst-başlaryna timar berdi. Gapyny ýuwaşja kakdy. „Giriberiň!“ diýip oba arçyny gapynyň iç ýüzünden gygyrdy.
- Kakadurdy aga, salawmaleýkim! Çagyrypsyňyz welin, men-ä geläýendirin. Gelen bolsaň oňarypsyň, gel geç, otur! Geleniň gowy bolaýdy, Meret, sen meni gowuja diňle! Biz nesip bolsa hä diýmän pagta hasylyny ýygnamaly. Daýhanlarymyzyň gijelerini gündiz edip çeken zähmetlerini zaýalamazlyk, ýagny ýere çalmazlyk üçin bolsa daýhan birleşigimiziň işgärler toparyna sen ýaly arassa işgär gerek. Eger garşy bolup durmasaň, seni şu möwsümde pagta ýygnaýjy maşyn sürmeli sürüjileriň arasyna goşmakçy. Ilki bilen öz göwnüňe geňeş, galyberse-de öýüňizde oturan ene-ataň bilen maslahatlaş. Maslahatyňyzy birikdireniňizden soň bolsa, meniň ýanyma gelipjik, habaryňyzy aýdarsyň ötägidibiýrsiň. Onsoň menem şoňa görä hereket edibererin. Meret, onsoňam Myratly aga-da aýt, goý garşy çykjak bolup durmasyn, eger kärende ýerine seretmäge kömekçi gerek bolsa, gerekli ýerinde el güýjüni hem kömek etjekdigimi duýduraýgyn.
- Bolýar Kakadurdy aga, men-ä ýöredim onda, öýde enem-atamyň gözi ýoldadyr. Derrewjik öýe baryp maslahatlaşaýyn. Häzir-ä iş wagtyňyzam gutaryberdi diýen ýaly, onsoň habaryny ertir irden aýdyp giderin-dä. Bolarmy, Kakadurdy aga?!
- Bolar, Meret jan, bolar. Eger maslahatyňyzy birikdirseňiz-ä menem entek bärlerde boljak, häzir tehnikalaryň ýygyma taýýarlygy barada hasabatymy doldurjak. Eger ýaltanmasaň-a gelip gidäý.
- Gowusy men ertir ir bilenjik geläýeýin-le, Kakadurdy aga!
- Bolar, inim, bolar. Onda men ertir ir bilen saňa hökman garaşaryn.
Egnindäki köneje kastýumyny pitikleşdirip Meret ýola düşdi. Öýe gelse, Sabyr eje ylgap öňünden çykdy. Ol örän başagaýlyk bilen, agzy-agzyna ýetişmän Merede sorag baryny ýagdyryp başlady. „Meret jan, näme eýgilikmi özi, ýene-de Merdan jana bir zat bolupdyrmy ýa. Gürlesene, balam, näme gürläňok“. Meret howlukman gürrüňe başlady:
Neme, eje, Kakadurdy aga edil Merdan üçin-ä çagyrmandyr, şu ýylky ýygnaljak pagta hasylyna meniň hem goşant goşmagymy isleýär. Täze gelen pagta ýygnaýjy maşynlaryň birine sürüji edip bellejek diýýär. Şony siz bilen maslahatlaşyp, ertir ir bilen jogabyny getir diýdi. Onsoňam neme, kaka, siz bilen bir zat barada maslahat etmek isleýän – diýdi-de gözünden akýan ajy damjalary gizlejek boldumy nämemi, elini ýüzüne tutdy.
- Näme maslahat, ogul, aýt, maslahatyň bolsa eşideli.
- Bar maslahat Merdan barada, ony nädip dogry ýola düşürmek barada...
- Gaty ýerlikli maslahat, özüň näme edäýsem diýýäň onsoň?
- Ilki bilen-ä ertir ir bilen Kakadurdy aganyň ýanyna baryp, öz razylygymy aýtsam, soňam oba geňeşliginde etrap polisiýa bölüminden bellenen jemgyýetçilik tertip-düzgünlerine seredýän hünärmen bilen maslahatlaşyp bir zatlar etmesek, „Ýekäniň çaňy çykmaz!“ diýipdirler, men-ä şeýle teklip edýärin. Galan maslahatam sizden eşideli.
- Galan maslahat bolmaz, ertir ir bilen oba arçynyna aýt-da, derrew Gurbanyň ýanyna bar. Onuň bilen maslahatlaş. Näme diýse, onsoň görübereris!
- Meniň bu zatlary etjek bolmagymyň düýp sebäbi, tutuş maşgalanyň adyna gara tagma basdy, ne bir gül ýaly maşgalanyň adyny zaýalap, onuň durmuşyny bulady. Onsoňam mend-ä edil şu ýagdaýda ile çykarlygym galmady.
- Gaty dogry aýdýaň, ogul. Biz sendenem beter. Ýöne biz oturan ýerimizden näme başaraly, basym seniň gullukdan boşap geljekdigiňe bil baglap, bar ynamymyzy saňa baglap oturandyrys biz-ä. Hany indi seniň durmuş tejribe sapagyndaky synagdan nähili baş alyp çykyşyňy göreli.
Ertesi gün irden Meret biçilen maslahata görä ilki bilen Kakadurdy aganyň ýanyna bardy, habaryny aýdyp etrap polisiýa bölüminiň ýerli bölege bellenen hünärmeni Gurbanyň ýanyna tarap ýöneldi.
Gurban iş otagynda gazetlerde çapa berilip, halka hödürlenen kanundyr-permanlaryň içinde özüne degişli hasap edenini bir çete aýryp goýdy-da, soň bir ýan başyndan uly üns bilen okamaga oturdy. Okap bolandan soň bolsa öz-özi içinden „Prezidentimiz bize Hudaý tarapyndan berlen adam, ähli biziň hyýallarymyzdaky zatlary durmuşa geçirmek üçin degişli çäreleri görüp, halkyň aladasynda. Bu zatlarda bize-de ullakan paý düşýär. Biz hem ony hökman ýerine ýetirmeli bolarys, Prezidentimiziň, halkymyzyň, Watanymyzyň bize bildiren ynamyny hökman ödemeli bolarys!“ diýip oturşyna, gapyny çalaja ses bilen tyrkyldadyp, „Gurban aga, salawmaleýkim!“ diýip edepli salam beren ýigide gözi düşdi:
- Waleýkimessalam, gel, inim, geç! Öýler saglykmy, Myratly aga, Sabyr eje dagy hemmesi sag-amanmy?
- Oňat, hudaýa şükür! Özüňizem, saglykmy, sag-aman işläp ýörsüňizmi?
- Hudaýa şükür, näme hyzmat bolsa aýdyber, bizi sylany Alla sylasyn!
- Agam, meni siziň ýanyňyza ýaşulular ugratdy. Siz bilen maslahatlaş diýdiler.
-
MekanOraz
14 years ago
- - Näme maslahatyň bolsa aýdyber, eşideli bakaly.
- Maslahat şeýle, agam, Merdanyň düşen gününden habaryňyz bar bolsa gerek. Biz her edip hesip edip ony „Gadyr baýyň“ torundan çykarmaly. Näme etsek ýerlikli bolar?!
- Näme etmekden Hudaý saklasyn, biz ilki bilen „Gadyryň“ pussy-pujurlyklarynyň üstüni açmaly. Onuň üçin bolsa eýýam biz degişli hukuk goraýjy edaralaryna habar berdik. Eger isleseň seni hem şol edaralaryň işgärler topary bilen birlikde bu işe şärik bolar ýaly edeli.
- Onda, agam, ir günümizi gije goýman işe başlasak örän ýerlikli bolarmyka diýýän.
- Onda şeýle, sen ertir ir bilen Gadyryň goňşy obadan geljek „müşderileriniň“ gelen wagty degişli adamlara habar berer ýaly bolmaly. Habar berlenden soň galan işleri olaryň özleri oňarlar.
- Bolýar, agam, onda ertir ir bilen men Gadyryň howlusynyň töwereklerinde bir ýerde bukulyp oturaryn hem-de „müşderiler“ gelenden soň oloara habar bererin.
- Bolýar, sag-aman bar, işleriňiz şowly bolsun!
Meret her hili pikirleri kellesinde aýlap gelşine öýlerine nädip ýeteninem bilmedi. Öýde Meredi iki garry garşy aldy. Olar Meretden ýagdaýlar barada soranlarynda ähli zatlary Meret düşündirdi. Şeýdip ertesi irden Meret öý çagalyk dosty Mergen bilen „awa“ çykdylar. Gadyryň howlusyndan 3-4 howly çep tarapynda ýaşaýan Senemleriň öýünde öz dosty Mergeni, 3-4 howly sag tarapda ýaşaýan Güljemal gelnejesiniň atasy öýüniň ýanynda bolsa özi sakçy durdy. Aradan salym geçmänkä Mergeniň tarapyndan ýüzleri ýygyrtdan ýaňa halys bedroý, eşikleri sal-sal bolup sallanyp ýatan bir erkek kişi Gadyryň howlusyna sümüp gitdi. Mergen derrew Merede habar berdi, Meret bolsa degişli adamlary örüzdi. Şeýdip olar gözleglerini dowam etdirdiler. Howlydan çykan kişi eýlesine-beýlesine garanjaklap, öňüniň ýoluna seredenokdam. Ol gönüläp barşyna birini süsendigini bilip tisginip gitdi. Öňünden çykan kişi jübisinden ygtyýarnamasyny çykaryp görkezip, „Mary etrap hukuk goraýjy edarasyndan Möwlamow“ diýip özüni tanatdy. Özüniň ele ilenine, indi başga hiç kimden netije bolmajakdygyna göz ýetiren kişi derrew eýläk-beýläk urunyp, ýol urdurmakçyu boldy. Her tarapdan çykyp ýyldyrym çaltlygynda gaçgagy tutan Mergendir Meret bolsa Möwlamowyň ýüzüne soragly nazar bilen seretdiler. Möwlamow „Saklaň“ diýýän äheňde kellesini ýaýkady we til kakyp gerekli hukuk goraýjy işgärleri toplady. Gaçgagyň ýanynda näme bardygy barlananda bolsa, onuň ýanyndan 35 gram gerain we 45 gram trýek neşe bölejikleri tapyldy. Şondan soň gaçgagyň üsti bilen bu işde ähli günäkär adamlar tapylyp, olara degişlilikde etrap kazyýeti tarapyndan çözgüt çykarylyp, degişli çäreleri gördüler.
Senem bu ýagdaýlardan soň Merediň agasyny dogry ýola saljakdygyna azajygam bolsa ynamy artyp başlady. Şondan soň özi öz ýanyndan Merediň Güljemal gelnejesiniň ýanyna baryp maslahat salmagy öz ýürgine düwdi.
- Maslahata gelip gowy edipsiň, eger men seniň ýeriňe bolan bolsam ejeme ähli zatlary bolşy-bolşy ýaly düşündirerdim, eneň-ataňam razy bolmasaň başga birine berjek bolup durmazlar-a. Onsoň näme ähli zatlary dura-bara bitiribermeli bolar-da.“
- Güljemal dogan, men o zatlara düşünýän ejeme-de düşündirerin. Ýöne Merediň durmuşa garaýşy barada azajyk bi ynjalygrak bolýan, onsoňam gaty gabanjaň-da.
- Erkek kişileriň gabanjaň däli barmy näme, hemme erkek maşgala öz ýan-ýoldaşyny gabanýar eken. Menem ilki başda şeý diýen bolýardym. Indi bolsa öwrenişipdirin. Galanynam oglanlaryň içinde maňa saýla diýseler-ä, ilki bilen Meredi saýlardym. Sebäbi ol eýýam durmuşy gören. Edil dünýä iki gelen ýaly diýilýanleri-dä. Meniň-a maslahatym şol. Galanynam şu öňümizdäki baýramçylykda günä geçişlik boljak diýdi Hormatly Prezidentimiz. Nesip bolsa şondanm soň biziňem durmuşymyz düzeler diýip pikir edýärin. Onsoň men ejeň ýanyna özümjik baraýaryn.
- Bolýar, Güljemal dogan, Taňryýalkasyn, toýuňyzda gaýtsyn. Alla kuwwat bersin, size-de. Nesip bolsa bu baýramçylykda biziň ählimiz begeneris, men ony öňünden syzýan.
- Agzyňdan hudaý eşitsin jigim, nesip bolsa şol günlere bir sag-aman ýetsek.
Senem hoşlaşyp gapydan çykyp gitdi. Senem öýlerine ýetip barýarka bir ýerlerden biriniň pyşyrdap „Senem“ diýip gygyrýanyny eşitdi. Ol saklanyp töwereklerine garanjaklady. Seretse, eli gül çemenli Meret ýylgyryp, „Nesip bolsa şu baýramçylykda agamam aramyza gowuşýar, günä geçişlikde toba eden tussaglaryň arasynda Merdanyň hem ady bar eken. Nesip bolsa olam gelse, onsoň hemme zat gowy bolar“ diýdi-de, elinde ykjamlap bogulan çemeni Seneme uzatdy. Olar uzak durman bir-birlerine süýji arzuwlar edip hoşlaşdylar.
Ine-de garaşylýan gün geldi. Şol gün nähilidir bir hili üýtgeşik howa boldy. Ömür görülmedik tozan turup, öýlänçi geldi. Hemme kişiniň gözi ýoldady. Birdenem ýolda görünen gyzyl maşyndan Merdan kellesini çykaryp otyrdy. Onuň yzynda bolsa Güljemal bilen onuň çagajyklary bardy. Ony gören ähli mähelle maşyna tarap ylgadylar.
Merdan gelýärkä Güljemaly öýlerinden özi alyp gaýdypdy. Soňra olar maslahata görä öýlerinden öňürti Güljemal bilen Merdan bilelikde Senemlere gudaçylyga bardylar. Olar şeýdip gudaçylyk meseläni hem çözüpdiler.
Hä diýman Gurban baýramynyň yzy süre bellenjek Milli bahar baýramyna Senem bilen Merediň durmuş toýy goşuldy.
Bu maşgala şol öýlänçi bagt, rysgal, Merdany, şonuň bilen birlikde Senemi hem getiripdi diýseňem boljakdy.
-
owreniji
14 years ago
- Molodes! Gowy yazypsyn! Garaguma berjekmi ya Zenan kalbyna?
-
MekanOraz
14 years ago
- niýetimä "Zenan kalbyna" bermekçi, siz näme maslahat berseňiz, menem siz bilen!
-
jullik
14 years ago
- Haysy krutoy jurnal bsa shona ber hekayan gowja yaly oza,uzak bolanson okamaga yaltandym.
-
123456789
14 years ago
- kopyaladymö soň okarynda, şowly bolsun, galamyň ujy ýiti bolsun meçka
-
prikolmyrat
14 years ago
- maloç
owreniji 14 years ago- kompda yazyp. shutayyk goy. baha bereli