Gökje kepteri Eỳ ỳaranlar musulmanlar, Görüñ bu hükm-ü dawary, Ki metjitde oturdy, Bir gün Murtaza Ali. Arka goỳmuş mihraba, Yüzün bermiş kitaba, Uly-küçük sahaba ỳygylmyşty hem bary. Ol şah-y safdar bildi, Bir gökje kepter geldi, Oturyp, tagzym kyldy, “Salam alik, Ya, Ali!” “Sensiñ dinim, imanym, Saña gurban bu janym, Pylan ỳerde aşỳanym, Yaş çagam bar Ya Ali! Yer gögüñ arasynda Harmanlar gyrasynda, Hudaỳyn penasynda, Gezerdim sähralary. Seỳr ederdim her ỳana, Şükr ederdim subhana, İstärdim, ỳygam däne, Elterem aşỳan sary. Duşmandan gapyl idim, Hurremü hoşal idim, Çagama meşgul idim, Gördüm ki, bir şah peri. Gördüm bir laçyn geler, Howada howalanar, Bildim ki janym alar, Aman bermez ỳa Ali! Gorkup bi-takat boldum, Şirin jandan el ỳoldm, Seniñ gapyña geldim, gurtar meni, ỳa Ali!” Ali çün wakyp boldy, Kepteriñ halyn bildi, Lutf bilen kerem kyldy, Diydi: “Kepter, gel bäri!” Kepter geldi önüne, Bermän laçyn çeñine, Gol uzatty ỳeñine, Saldy Kepterin Ali. Şol demde laçyn geldi, Hezrete arzyn kyldy, Lutf bilen tagzym kyldy, “Salam alik ỳa Ali!” “Her säherler aglardym, Dagy daşy elärdim, Bir kepteri kowlardym, Geliptir siziñ sary. Dermandaỳym, mätajim, Şermendeỳim, gallajym, Bu gün üç gündür ajym, Awym bergil, ỳa Ali!” Ol şiri perwerdigär, Ol sahyby zülfikär, Ol şahy Düldül suwar, Nida kyldy Kanbary. Kanbar çün zahyr boldy, Lutf bilen kerem kyldy, Diỳdi: “Hyzmat ne boldy, Çagyrdyñyz bizleri!” Diỳdi çarhy çenbere, Müşk gatylmyş anbara, Ali diỳdi Kanbara: “Alyp getir hançary?” Görüñ imdi ne kyla, İstär ol kerem kyla, Laçyn diỳip Ali’ỳa, “Siz nädersiz hançary?” “Eỳ Laçyn, men Haỳadaram, Sahyby lutfi kerem, Öz budumdan et berem, Sen dileme kepteri!” Hançar çykdy gynyndan, Tä et kese ỳanyndan, Laçyn tutty golundan, Diỳdi: “Kesme ỳa Ali!” “Seniñ işiñ keremdir, Gollaryñ muhteremdir, Bu et bize haramdyr, Aỳa, saky kewseri. Laçyn saỳmañlar meni, Kepter diỳmäñler ony, Synamak üçin seni, Geliptik siziñ sary!” Şahdan ruhsat aldylar, Aỳak üzre galdylar, Uçup perwaz kyldylar, Gittiler asman sary. Tamam boldy bu sözler, Etseler gerek eser, Magtymguly hak-y sar, Şahy Merdan çakeri.

Köneler, arapreyhan tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir