“Şygyr” diýip dile geldi,
Çyrşabermeli zat ýok.
Ynjyk bolar halkyň köňli,
Gurşabermeli zat ýok.

Hüýr waspynyň täri bardyr,
Ilki sora, ýary bardyr.
Gyz lebinde ary bardyr,
Ogşabermeli zat ýok.

Şygry bezeýän ýürekdir,
Ylhamyň söze kürekdir,
Setirlere görk gerekdir,
Gagşabermeli zat ýok.

Ýaz ýerinde ýazlamaly,
Buz ýerinde buzlamaly,
Söz ýamany duzlamaly,
Ýagşa bermeli zat ýok.

“Gowy şygyr az ýazylsa,
Galanyna saz ýazylsa…”
Söz maňzy çuňňur gazylsa,
Bagşa bermeli zat ýok.

Kerim Hallyýew

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir