"Mozilla Firefox" programasyny düzüji 25 ýashly Bleýk Ross hem tanymal ishewürleriñ biridir. 2004-nji ýylda ulanylysha goýberilen bu taslama özüniñ ilkinji ýylynda internet üsti bilen jemi 100 million nusgasyny satmagy bashardy. "Academic Earth" taslamasynyñ eýesi, 22 ýashly Riçard Ludlow bolsa bu taslamanyñ üsti bilen dünýäniñ tanymal ýokary okuw mekdepleriniñ professor-mugallymlarynyñ wideo derslerini ähli adamlara elýeterli edýär. Onuñ bu taslamasy 2009-njy ýylyñ 24-nji martynda ulanylysha girizilendigine garamazdan, dünýäde ýylyñ iñ gowy 50 internet saýtynyñ sanawyna girmegi bashardy. Astronomiýa, himiýa, fizika, kompýuter, ykdysadyýet, biologiýa, matematika, hukuk, iñlis dili, inzhenerçilik, taryh hünärleri boýunça professor-mugallymlaryñ wideo derslerini özünde jemleýän bu taslama bilen Riçard millionlarça dollar girdeji gazanmagy basharýar. 23 ýashly Aron Lewiý we 22 ýashly Dilan Smit dagynyñ 2005-nji ýylda düzen Box.net taslamasy gysga wagtyñ içinde 14,6 million dollar girdeji toplaýar. Bu kompaniýanyñ düzüminde jemi 70 sany hünärmen isleýär. Box.net internet saýty ilkibashda kollejleriñ arasynda maglumat alysh-çalysh hyzmajyna niýetlenilýär. Az sbalym geçmänkä, alynýan we iberilýän faýyllaryñ howpsuzlugy üpjün edileninden soñra, saýtyñ çygry has-da giñelýär we kompaniýalaryñ arasynda resminama gatnawyny amala ashyrmaga bashlaýar. Onuñ häzirki wagtda 3,5 million ulanyjysy bar. Aron we Dilan 2009-njy ýylda "25 ýashdan kiçi ýashly iñ ökde ishewürler" baýragyna eýe bolýarlar. 2010-njy ýylyñ ýanwaryndan bashlap, Box.net ulanyjylara täze hyzmatlaryny hödürläp bashlady. Indi ulgamdaky faýllaryñ ählisiniñ mazmunyny görmäge we olary dünýäniñ islendik ýerine ibermäge mümkinçilik bar. Häzirki wagtda "Box.net" kompaniýasy öz hyzmatyny mobil telefonlaryny ulanyjylara hem hödürlemegi maksat edinýär.
Ýash programistleriñ uly üstünlikleri
-
dereksiz
14 years ago
- mena kan dushunmeyan bu zatlara yone,,nameler edip bolya bularda
-
halkarahukukchy
14 years ago
- Bizing dostlarymyz darykmasyn rowshen-jim nesip bolsa bilime indi uns berilip bashlandy hemme zat gultek bolar. ''yagshy niyet yarym dowlet'' diyipdirler koneler.
-
Rowshen-Jm
14 years ago
- Halkarahukukchy! Jim däl men -jm.
-
halkarahukukchy
14 years ago
- Bagyshla jm
-
hayran
14 years ago
- salam ýoldaşlarar ! rowshen-jm podderjka ýok diýýäň,ylymly-bilimli bolupda ony ýerlikli ulanyp,özleşdirip bilmedik adam süýrege mätäçdir.bu-da adamyň ukypsyzlygynyň alamatymykä diyyän.meniň pikirimçe her kimiň özüne bagly zatmyka diýýän.
-
Bayja
14 years ago
- Nesip bolsa bizem osers bezdede osush ba yone gich bashladyk gichden gich yagshy diyipdirler geljekde gorersiniz talantlarmyzy yone biz ozbashdak osyas podyashka yok diyyip aydyp biljek.
Rowshen-Jm 14 years ago- Bizdede sheýle ýash ukuply oglanlar bar ýöne podeshka ýok olara. Hökümet shu ugurdan bilýän adamlarada kömek etse biziñem ýashlarymyzdan netije çykardy.