Adam saglygyny howp astyna salýan endikleriñ biri bolan çilim çekmekligiñ ýash çilimkeshlerde hem bil agyrysyna sebäp bolup biljekdigi mälim edildi. Italiýada çykýan "Il Corrire della Sera" gazetiniñ habaryna görä kyrk ýylyñ dowamynda halkara zhurnallarda çap edilen 80 töweregi ylmy ishi gaýtadan gözden geçiren Finlýandiýada ýerleshýän Saglyk institutynda ishleýän hünärmenler dürli ýash toparlaryna degishli jemi 300 müñ adamyñ gatnashan 40 sany ylmy ishini saýlap aldylar. Bu ylmy ishleriñ netijelerini gaýtadan seljeren alymlar çilimkeshleriñ çilim çekmeýänlere görä 30 göterim has köp bilagyra duçar bolandygyny anykladylar. Bil agyrynyñ has köp çilimkesh ýashlarda gabat gelýändigini aýdan alymlar munuñ sebäbiniñ nikotiniñ damaryñ ýygrylmagyna sebäp bolýandygy bilen düshündirýärler. http://www.churchtimes.co.uk/uploads/images/no%20smoking%231%23.jpg Ylmy ishiñ awtorlaryndan Rahman Shiri nikotin sebäpli öýjükleriñ ýeterlik derejede howa alyp bilmeýändigini, shol sebäpli has tiz zaýalaýandygyny we agyra duçar bolýandygyny mälim etdi. Sheýle hem çilim çekmekligiñ süñklere-de öz zyýanly tasirini ýetirýändigini habar berdi.

Köneler, Rowshen-Jm tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir